Google 20-nji awgustda tanyşdyryş dabarasynda Pixel 10 seriýasyny we beýleki enjamlary görkezer

  • 20.07.2025 17:33
  • 4.5k+

Google 20-nji awgustda täze enjamlarynyň tanyşdyryş dabarasyny geçirjekdigini mälim etdi. Esasy üns  Pixel 10 smartfon seriýasyna gönükdiriler diýip, The Verge ýazýar.

Syzdyrylan maglumatlara görä, Pixel 10-yň esasy modeli täzelenen kamera bölümini alar – iki modulyň ýerine üçüsi bolar. Şeýle-de, Pixel 10 Pro we Pixel 10 Pro XL modelleriniň çykmagyna garaşylýar.
Görkezilip bilinjek täze önümlere tozan geçirmeýän korpusy, kämilleşdirilen displeýleri we IP68 goragy bilen tapawutlanýan Pixel 10 Pro Fold eplenýän smartfon girýär.
Ähli enjamlar, öňki wersiýalardan tapawutlylykda, Qualcomm-yň we Apple-iň esasy hyzmatdaşy TSMC tarapyndan öndüriljek Tensor G5 çipinde işlär.
Çeşmeleriň berýän maglumatyna görä, kompaniýa täze enjamlaryň howpsuzlygyny we köpugurlylygyny ýokarlandyrmaga ünsi jemlär.
Smartfonlardan başga-da, bu çärede batareýasynyň kuwwaty ýokarlandyrylan we korpusynyň gabarasy ulaldylan Pixel Watch 4 akylly sagady görkezilip bilner. Şeýle hem elýeter bahaly Pixel Buds 2a simsiz gulaklyklaryň bildiriş edilmegine garaşylýar.


11.06.2026 14:00
2.9k+

Google ulanyjylary Chrome-y gyssagly täzelemäge çagyrýar

Google kompaniýasy Chrome brauzerinde howply gowşaklygy tapdy we ulanyjylara iň soňky howpsuzlyk täzelenmesini mümkin boldugyça gyssagly gurnamagy maslahat berýär. Bu 2026-njy ýylyň başyndan bäri ýüze......

03.06.2026 18:12
6.8k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

07.04.2026 10:40
2k+

Jübiňizdäki emeli aň: Google Gemma 4 modelleri smartfonlarda özbaşdak görnüşde işläp biler

Google kompaniýasy Gemini 3 tehnologiýalaryna esaslanýan iň akylly açyk emeli aň modelleriniň täze toplumy bolan Gemma 4-i resmi taýdan tanyşdyrdy....

30.03.2026 19:48
1.7k+

Google Translate terjimelerine Gemini ornaşdyrdy. Ol mazmunyna hem seretmäge ukyply.

Google kompaniýasy özüniň Gemini emeli aň ulgamyny Google Translate hyzmatyna ornaşdyrdy. MacRumors neşiriniň habar bermegine görä, munuň netijesinde terjimeler has takyk we tebigy görnüşe geldi....