Apple eplenýän iPhone we MacBook döretmek üçin ýene-de Samsung bilen hyzmatdaşlyk eder

  • 15.05.2024 11:52
  • 6.6k+

DigiTimes-iň habar bermegine görä, Apple we Samsung eplenýän enjamlary ösdürmek barada şertnama baglaşdy.

Jikme-jiklikler entek aýan edilmese-de, bu şertnama Apple-iň eplenýän enjamlar dünýäsine äden möhüm ädimi boldy.
Mundan ozal insaýderler Apple-iň ilkinji eplenýän önümi boljak MacBook-yň 2025-nji ýylyň ahyrynda ýa-da 2026-njy ýylyň başynda peýda boljakdygyny habar beripdiler. Ondan soň 2026-njy ýylda eplenýän iPhone çykmaly.
Samsung bilen baglaşylan şertnamada günorta koreýaly ägirdiň Apple-iň eplenýän displeýleriniň esasy üpjünçisi boljakdygy göz öňünde tutulýar. Şeýle-de bolsa, Apple bu ugurda beýleki hyzmatdaşlary bilen hen hyzmatdaşlygy ýola goýup biler.


16.05.2026 11:20
4k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

12.05.2026 14:43
7.8k+

Dua Lipa öz suratynyň TW gutularynda ulanylandygy üçin Samsung-dan $15 mln talap etdi

Aýdymçy Dua Lipa Samsung kompaniýasynyň üstünden kazyýete şikaýat edip, öz suratynyň rugsatsyz telewizor gutularynda ulanylandygy üçin azyndan 15 million dollar möçberinde öwez tölegini talap etdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....