Samsung flagman kitapça smartfony Galaxy Z Fold 7-ni hödürledi

  • 10.07.2025 10:55
  • 3k+

9-njy iýulda geçirilen Samsung Unpacked çäresinde Samsung kompaniýasy çeýe Galaxy Z Fold7 smartfonyny hödürledi. Flagman öňki modelden inçe, ýeňil we kuwwatly boldy. Smartfon güýçli kamera, uly displeý we emeli aň funksiýalary bilen üpjün edildi.  

Ýygnalan ýagdaýda korpusyň ýogynlygy 12,1-den 8,9 mm çenli, açyk ýagdaýda 5,6-dan 4,2 mm çenli inçeldi. Agram 239 gramdan 216 grama çenli azaldy. Netijede, gurluş bazarda iň inçe eplenýän “kitapça” smartfonlar bilen deňleşýär. Kompaniýanyň nygtamagyna görä, täze şarnir mehanizmi içki ekrandaky ortaky epini bütinleý diýen ýaly aýyrdy.
Esasy Dynamic AMOLED 2X displeýiniň diagonaly 7,6 dýuýmdan 8,0 dýuýma, daşky – 6,3 dýuýmdan 6,5 dýuýma çenli artdy.
Smartfon Snapdragon Elite 8 çipsetinde işleýär. 12 ýa-da 16 GB operatiw we 256, 512 GB ýa-da 1 TB içki ýatly wersiýalar elýeterli. Akkumulýator sygymy 4400 mA/sag bolup, 25 Wt (simli), 15 Wt (simsiz) we 4,5 Wt kuwwatly (garşylyklaýyn) zarýady goldaýar.
Kamera ulgamynda esasy üýtgeşme optiki durnuklaşdyrma we awtofokus bilen 200 Mp datçigiň peýda bolmagy boldy. Beýleki elementler öňki nesil smartfonynyň görkezijilerini gaýtalaýar: 12 MP ultra giňburçly kamera we 10 Mp teleobýektiw. Selfi we wideo jaňlar üçin displeýleriň her birinde 10 Mp kamera göz öňünde tutulan.
Smartfon One UI 8 bilen Android 16-da we kontenti redaktirlemek üçin EA gurallary bilen işleýär. Mysal üçin, obýektleri süýşürmek, aýyrmak ýa-da ölçegini üýtgetmek, surata alyş burçuny sazlamak we emele gelen boşluklarda fony doldurmak mümkinçiligi peýda boldy. Mundan başga-da, wideo fonunda artykmaç sesleri aýyrmaga mümkinçilik berýän kämilleşdirilen “Sesleri aýyrmak” funksiýasy peýda boldy.  
Galaxy Z Fold7 deslapky sargyt üçin eýýäm elýeterli. Bahalar:

  • ·Samsung Galaxy Z Fold7 12/256 GB - $1,999;
  • ·Samsung Galaxy Z Fold7 12/512 GB - $2,119;
  • ·Samsung Galaxy Z Fold7 16 GB/1 TB - $2,419.

11.04.2026 14:59
7.9k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...