Counterpoint dünýäde iň meşhur simsiz nauşnikleri saýlady

  • 11.07.2025 01:26
  • 3.4k+

Apple AirPods nauşnikleri TWS-garnituralarynyň segmentinde iň köp satylýan model boldy. Apple korporasiýasy simsiz nauşniklaryň dünýä bazarynda öňdebaryjy bolmagyny dowam etdirýär. Oňa bazaryň tas dörtden bir bölegi degişli diýlip, Counterpoint Research gözleg kompaniýasynyň hasabatynda aýdylýar.

Analitikleriň çaklamasy boýunça, 2025-nji ýylyň jemi boýunça Apple-iň bu bazarda paýy 21%-e barabar bolar. Ikinji orny 8% bilen Xiaomi, üçünji orny, takmynan, 5% bilen boAt hindi brendi eýelär. Samsung we JBL kompaniýalary, degişlilikde, 5%-den we 4%-den az paý bilen aşaky orunlarda ýerleşer.
Bilermenleriň pikiriçe, Apple bu segmentde öňdebaryjy öndüriji bolup galar. Ýylyň ahyryna çenli kompaniýa täze AirPods Pro 3 modelini hödürlär. Onuň hem ýokary islegden peýdalanmagyna garaşylýar.
Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, bazaryň ösüşi üçin esasy şert bahasy 50 dollardan gymmat bolmadyk nauşnikler bolar. Umuman, çaklamalar boýunça, 2025-nji ýylda TWS-gurluşlaryň bazary 3% ýokarlanar. Uzak möhletleýin geljekde onuň azyndan 2028-nji ýyla çenli durnukly ösmegine garaşylýar.


16.05.2026 11:20
4k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

12.05.2026 14:43
7.8k+

Dua Lipa öz suratynyň TW gutularynda ulanylandygy üçin Samsung-dan $15 mln talap etdi

Aýdymçy Dua Lipa Samsung kompaniýasynyň üstünden kazyýete şikaýat edip, öz suratynyň rugsatsyz telewizor gutularynda ulanylandygy üçin azyndan 15 million dollar möçberinde öwez tölegini talap etdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....