Ýagyş we üýtgäp durýan bulutly howa: Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (13.05 - 19.05)

  • 13.05.2024 10:19
  • 20576
Ýagyş we üýtgäp durýan bulutly howa: Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (13.05 - 19.05)

Gidrometeorologiýa baradaky gulluk Türkmenistanda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi:

Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 10 — 12 metrden 14 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +13... +15 gradusdan +19... +21 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +20... +22 gradus maýyldan +36... +38 gradus aralygynda yssy bolar.
Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 13 — 18 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +11... +16 gradusdan +17... +22 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +30... +35 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +20... +25 gradus maýyl bolar.
Ahal welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +11... +16 gradusdan +18... +23 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +19... +24 gradus maýyldan +33... +38 gradus aralygynda yssy bolar.
Mary welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +12... +17 gradusdan +17... +22 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +21... +26 gradus maýyldan +32... +37 gradus aralygynda yssy bolar.
Lebap welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +12... +17 gradusdan +17... +22 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +20... +25 gradus maýyldan +33... +38 gradus aralygynda yssy bolar.
Daşoguz welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 13 — 18 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +11... +16 gradusdan +16... +21 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +19... +24 gradusdan +30... +35 gradus aralygynda maýyl bolar.


20.05.2024 15:45
21692

Ýagyşly, üýtgäp durýan bulutly howa dowam edýär: Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (20.05 - 26.05)

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň Türkmenistanda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada beren maglumatna görä, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde hepdäniň dowamynda ýagyş ýagar. Aşgabatda üýtgäp durýan...

16.05.2024 16:26
6852

KIBERone we AMAkids bilim merkezleri okuwlaryna maý aýynyň ahyryna çenli 20% arzanlaşyk yglan etdi

Programmirleme boýunça KIBERone halkara mekdebi we çaganyň ösüşi boýunça okuwlara ýöriteleşen AMAkids merkezi maý aýynyň ahyryna çenli islendik saýlanan ugra 20% arzanlaşyk yglan edýär. KIBERone-da programmirleme...

16.05.2024 14:47
21253

«Awtomobil ulag hyzmaty» kiçi awtobus we ýeňil taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti kiçi göwrümli awtobuslaryň hem-de ýeňil taksi awtoulaglarynyň sürüjilerini işe çagyrýar. Hususan-da, "BC" topara degişli sürüjilik şahadatnamasy we sürüjilik...

16.05.2024 14:42
3629

17-19-njy maýda Aşgabadyň we Arkadag şäheriniň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlar

Türkmenistanyň Beýik S.Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry: 17.05.2024 «Gülki agşamy» 19:00; 18.05.2024 «Magtymguly köňül guşy» 19:00; 19.05.2024 «Söýgi durmuşyň görnüşi» 19:00. Türkmenistanyň Magtymguly...