Maýk Taýson 2005-nji ýyldan bäri ilkinji resmi tutluşygyna çykar

  • 16.05.2024 14:11
  • 25k+

21-nji iýulda Arlingtondaky AT&T stadionynda (Tehas ştaty, ABŞ) boks boýunça super agyr agram derejesinde dünýäniň öňki absolýut çempiony Maýk Taýson bilen belli amerikan wideoblogeri Jeýk Poluň arasynda boks duşuşygy geçiriler. Boksçylar tutluşykdan öňki bakyşlaryň duelini geçirdiler.

57 ýaşly Taýson üçin bu söweş 2005-nji ýyldan bäri ilkinji resmi duşuşyk bolar. Şol gezek ol Kewin Makbraýddan utulypdy. Soňky gezek ol ringe 2020-nji ýylyň noýabrynda Roý Jons-kiçä garşy görkezme söweşine çykypdy. Söweş deňme-deňlikde tamamlandy.
27 ýaşly Poluň hasabynda professional boksda dokuz ýeňiş (altysy nokaut bilen) we bir ýeňliş bar. 2024-nji ýylyň 3-nji martynda ol birinji raundda nokaut bilen Raýan Burlanddan üstün çykdy.


15.06.2026 15:55
10k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

15.06.2026 15:42
11k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......

15.06.2026 15:36
3.3k+

Rodriges Wargasy nokaut edip, üçünji agram derejesinde dünýä çempiony boldy

ABŞ-nyň Glendeýl şäherinde professional boks agşamy geçirildi. Ýaryşyň esasy söweşinde iki agram derejesinde ýeňilmedik dünýä çempiony, amerikaly Jessi Rodriges ýeňil agram derejesinde (53,5 kg çenli) WBA......

15.06.2026 14:57
5.9k+

Pereýra üçünji guşagyny alyp bilmedi: Siril Gan söweşi nokaut bilen jemledi

Aşgabat wagty bilen 15-nji iýunda irden Waşingtonda, Ak tamyň çäginde taryhy UFC Freedom 250 ýaryşy geçirildi....