ABŞ-da täze görnüşde Klublaýyn dünýä çempionaty başlaýar: ýaryş barada bilmeli zatlar

  • 12.06.2025 09:44
  • 11k+

15-nji iýundan 13-nji iýul aralygynda ABŞ-da 2025-nji ýylyň futbol boýunça Klublaýyn dünýä çempionaty geçiriler. Taryhda ilkinji gezek ýaryş alty kontinental konfederasiýadan 32 toparyň gatnaşmagynda giňeldilen görnüşde geçer.

Halkara Futbol Federasiýasy (FIFA) umumy gaznasy 1 mlrd dollar bolan pul baýragynyň paýlanyşyny tassyklady. 525 mln dollar klublaryň arasynda gatnaşygy üçin paýlanar, galan 475 mln dollar sport netijelerine görä berler. Çempionatyň ýeňijisi 125 mln dollara çenli gazanyp biler.
Toparlar her biri dört klubdan ybarat sekiz toparça bölündi. 1/8 finala her toparçadan iň gowy iki topar çykar. Pleý-off oýunlary bir oýundan ybarat bolar.
Ýaryşda ilkinji gezek Halkara Futbol Assosiasiýalarynyň Geňeşiniň (IFAB) täze düzgüni ulanylar: eger derwezeban topy elinde sekiz sekuntdan köp saklasa, emin garşydaşyň peýdasyna burç urgusyny bellär.
Şeýle-de, eminler oýnuň gidişini ýazga alýan kameralary dakynar.
Ýaryşa Ýewropadan soňky dört möwsümiň Çempionlar ligasynyň dört ýeňijisi we UEFA reýtingi boýunça sekiz topar gatnaşar. Günorta we Demirgazyk Amerikadan, Aziýadan, Afrikadan we Okeaniýadan soňky ýyllaryň esasy kontinental ýaryşlarynyň ýeňijileri gatnaşar.

Konfederasiýalar boýunça ýaryşa gatnaşyjylaryň doly sanawy:

  • UEFA (12): Çelsi, Mançester Siti, Real Madrid, Bawariýa, PSŽ, Inter Milan, Portu, Benfika, Borussiýa Dortmund, Ýuwentus, Atletiko Madrid, Zalsburg
  • KONMEBOL (6): Palmeýras, Flamengo, Fluminense, Botafogo, Riwer Pleýt, Boka Huniors
  • KONKAKAF (5): Monterreý, Sietl Saunders, Paçuka, Los-Anjeles (“Amerika” garşy pleý-ini geçen), Inter Maýami (ýaryşyň ýer eýesi hökmünde)
  • AFK (4): Al-Hilýal, Urawa Red Daýmonds, Al-Aýn, Ulsan Hýonde
  • KAF (4): Al-Ahli, Widad, Esperans, Mamelodi Sandaunz
  • OFK (1): Oklend Siti

Belläp geçsek, reýting boýunça çempionata her ýurtdan diňe iki topar gatnaşyp bilýär, şol sebäpli “Liwerpul” we “Barselona” sanawda ýok.
Açylyş oýny 15-nji iýunda 05:00-da (Aşgabat wagty) geçiriler – “Al-Ahli” (Müsür) Lionel Messiniň çykyş edýän “Inter Maýami” topary (ABŞ) bilen duşuşar.
Ýaryşyň tertibi:

  • Toparlaýyn tapgyr: 14-26-njy iýun
  • 1/8 final: 28-nji iýun – 1-nji iýul
  • Dörtden bir final: 4-5-nji iýul
  • Ýarym final: 8-9-njy iýul
  • Final: 13-nji iýul (Metlaýf-stedium, Nýu-Jersi)

düýn 23:41
800

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
8.5k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
6.6k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......

27.06.2026 13:51
10k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......