Azerbaýjanyň Türkmenistandaky ilçisi iş sapary bilen Balkan welaýatyna bardy

  • 16.05.2024 06:48
  • 19k+

13-14-nji maýda Azerbaýjanyň Türkmenistandaky ilçisi Gismat Gozalow iş sapary bilen Balkan welaýatyna bardy.

Saparyň dowamynda G.Gozalow Balkan welaýatynyň häkimi, Türkmenbaşy şäheriniň häkimi, “Türkmendeňizderýaýollary” Gullugynyň başlygy, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň başlygy we “Balkan” gämi abatlaýyş kärhanasynyň müdiri bilen duşuşyp, porta we gämi abatlaýyş kärhanasyna baryp gördi.


Duşuşyklarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekdäki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem Türkmenbaşy portunyň iki ýurduň arasyndaky deňiz gatnawynda orny agzaldy.
Mundan başga-da, saparyň dowamynda G.Gozalow Balkan welaýatynda ýaşaýan Azerbaýjan raýatlary we watandaşlary bilen duşuşdy. Duşuşykda ilçi Azerbaýjan döwletiniň daşary ýurtlarda ýaşaýan raýatlaryna berýän ähmiýeti we aladasy barada söhbet etdi, watandaşlarynyň tekliplerini, haýyşlaryny diňledi we özara pikir alyşdy.


düýn 19:38
3.5k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......