Döwrebaplaşdyrylan Türkmenbaşy Halkara howa menzili işe girizildi

  • 31.07.2025 08:30
  • 13k+

30-njy iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň uçary Türkmenbaşy Halkara howa menziline gelip gondy.

Howa menzilinde ýurdumyzyň resmi adamlary döwrebaplaşdyrylan howa menziliniň döwlet Baştutanymyzyň ak patasy bilen işe girizilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar.
Türkmenbaşy Halkara howa menziliniň täzeçil tehnologiýalaryň esasynda döwrebaplaşdyryldy. Şunuň bilen bir hatarda, howa menziliniň halkara gatnawlaryň ýolagçy terminaly hem-de pasportlary resmileşdirmek we gözegçilik nokatlary innowasion enjamlar bilen üpjün edildi.
Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm çatrygynda ýerleşen Türkmenistan dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen özara gatnaşyklary ýola goýup, halkara hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny işläp taýýarlamak babatda oňyn tejribe toplady. Ýurdumyzyň ulag-logistika ýaly geljegi uly ugurda BMG bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmegi dünýä ykdysadyýetine ählumumy goşulyşmak ýagdaýy bilen baglanyşyklydyr.


20.06.2026 11:41
3.7k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.5k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.6k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......