Täze ugur: Meşhur eşik brendleri toý köýneklerini öndürip başlady

  • 13.05.2024 16:54
  • 23k+

Abercrombie & Fitch, Forever 21, Boot Barn, Shein we Lulus ýaly esasy egin-eşik kompaniýalary önümleriniň görnüşlerini köpeldip başladylar diýip, CNN habar berýär.

Toý nysagynda täze ugruň ünsi gymmat we pajarly köýneklerden bahasy amatly  oňaýly we gelşikli görnüşlere geçirýändigi bellendi.
2023-nji ýylda toý köýneginiň ortaça bahasy 2000 dollar bolup, bu köp adam üçin toýy elýetersiz gymmatlyga öwürdi. Meşhur brendleriň täze kolleksiýalar 80 dollardan 270 dollar aralygyndaky köýnekleri hödürleýär, bu ajaýyp toý arzuwyny has köp adam üçin elýeterli edýär.
Bahada elýeterlilikden başga-da, bu brendler amatlylygy we saýlamaga giň mümkinçilikleri hödürleýär. Gelinlikler salonlarda köýnekleri deňäp görmek üçin birnäçe sagatlaryny ýitirip, ýadamagyň deregine, göwnüniň küýsän we býujetine laýyk köýnegi derrew tapyp bilerler.

Önümçilik boýunça hünärmenleriniň pikirine görä, täze ugur, esasanam, ýaşlaryň arasynda täze çatynjalaryň islegleriniň üýtgeýändigini görkezýär: olar indi ykjamlygy, öz aýratynlygyňa görä geýinmekligi ileri tutýarlar we bir gün üçin ummasyz pul sarp etmek islemeýärler.

“Ýaşaýşyň bahasynyň gymmatlamagy ýaşlara täsir etdi we olar indi tygşytly bolmaga ýykgyn edýärler. Meşhur brendleriň amatly toý köýnekleri - olaryň islegine jogap" diýip, WGSN kompaniýasynyň ugurlary seljermek boýunça uly strategi Ellison Ris aýdýar.

Hünärmenler meşhur geýim brendleriniň esasy stilinden daşlaşman, ýaş çatynjalara  modasy adaty toý eşiklerine laýyk gelýän we şahsylaşdyrylan alternatiwany hödürleseler, olaryň toý nysagy bazaryna üstünlikli girip biljekdigine ynanýarlar.

şu gün 00:06
420

Hermès Parižde erkeklere niýetlenen 2027-nji ýylyň ýaz-tomus toplumyny görkezdi

Hermès Parižde 2027-nji ýylyň ýaz-tomus möwsümi üçin erkeklere niýetlenen toplumyny görkezdi. Bu toplum Weronik Nişanýanyň kompaniýadan gidenden soňky ilkinji we brendiň döredijilik ýolbaşçysyz topary......

26.06.2026 23:49
2.5k+

Louis Vuitton we Pinarello bilelikde welosiped nusgasyny döretdiler

Louis Vuitton kompaniýasy konseptual welosiped döretdi. Ol Parižde geçirilýän Moda hepdeliginiň çäginde Louis Vuitton-yň erkekler üçin 2027-nji ýyl ýaz-tomus toplumynyň görkezilişinde tanyşdyryldy....

11.06.2026 13:03
7.6k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.9k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......