Vogue neşirinde ilkinji gezek AI-model peýda boldy. Ol sosial torlarda işjeň çekişmeleri döretdi

  • 02.08.2025 07:39
  • 5.3k+

Vogue žurnalynyň awgust aýyndaky sanynda emeli aňyň döreden modeliniň ilkinji suratlary ýerleşdirildi. Fotosessiýa Guess brendiniň mahabat kampaniýasy üçin döredildi.

Suratlarda uzyn zolakly köýnekli we gülli mawy kombinezon geýen saryýagyz gyz şekillendirilen. Suratyň aşagyndaky ýazgyda modeliň emeli aňyň kömegi bilen döredilendigini tassyklaýan gol bar.
Vogue AI-ni mahabatda ulanmagyň redaksiýanyň gelen karary däldigini aýdýar.
Bu suratlar sosial ulgamlarda gyzgalaňly çekişmeleri döretdi. Ulanyjylar döredilen suratlary ýerleşdirendigi üçin abraýly neşiriň tankyt edilip, hakykata laýyk gelmeýän gözellik standartlaryny güýçlendirip biljekdigini bellediler. Modeller pudagyndakylaryň aglabasy munuň zenanlaryň köpräk özboluşlylygy saklamak ugrunda  göreşen pudagyna ýaramaz täsir eder diýip hasaplaýarlar.

"Guess muny ýa-ha gürrüňdeşlige tema döretmek we mugt mahabat almak üçin edýär, ýa-da çykdajylary azaltmaga synanyşýar we soňunyň netijeleri barada asla pikir etmeýär" – diýip, plýus-saýz-model Felisiti Heýword mälim etdi. Ol Vogue-nyň brendiň mahabatyny öz sahypalarynda ýerleşdirmek kararyny “aljyradýan we diýseň howatyrlandyrýan” karar diýip atlandyrdy.

Seraphinne Vallora kompaniýasynyň surat döredijileri bu berlen baha bilen ylalaşmaýarlar. Onuň esaslandyryjylary Walentina Gonsales bilen Andrea Petresku Guess mahabat kampaniýasyna taýýarlygyň bir aý töweregi wagt alandygyny we oňa bäş adamyň gatnaşandygyny aýtdy. "Biz ýetip bolmajak şekilleri döretmeýäris, Guess-iň AI modeli tüýs hakyky görünýär. Netijede, tutuş mahabat hemme zadyň ajaýyp görünmegi üçin döredilýär we adatça oňa supermodeller hem gatnaşýar" – diýip, olar bellediler.
Olaryň sözlerine görä, Guess üçin modeliň on sany warianty taýýarlandy, şolardan brend iki sany şekili – garasaç gyzlary we sarysaç gyzlary saýlady. Plýus-saýz-modeller saýlawa düşmedi, sebäbi, olaryň aýdyşyna görä, tehnologiýa entek ýeterlik derejede ösmedik.


10.07.2024 12:03
22k+

Marokkaly gözel emeli aň modelleriniň gözellik bäsleşiginde ýeňiji boldy. Onuň hakykylygyna baha beriň

Taryhda ilkinji “Emeli aň gözeli” marokkaly neýromodel Kenza Leýli boldy. Ol emeli aň üçin dünýäde ilkinji gözellik bäsleşigi bolan The Fanvue World AI Creator Awards-yň ýeňijisi boldy diýip, Daily Mail habar berýär...

19.04.2024 15:19
2.7k+

Wirtual modelleriň arasynda dünýädäki ilkinji gözellik bäsleşigi geçiriler

Onlaýn platformalaryň biri emeli aň tarapyndan döredilen modelleriň arasynda dünýädäki ilkinji gözellik bäsleşigi üçin ýüztutmalary kabul edip başlady. «Miss emeli aň» adyna dalaşgärleriň daşky görnüşlerine, awtorlarynyň...

23.03.2026 21:50
3k+

Burberry şa zenany Ýelizaweta II-niň 100 ýyllygyna bagyşlanan kolleksiýa çykardy

Beýik Britaniýanyň Burberry moda brendi şa zenany Ýelizaweta II-niň doglan gününiň 100 ýyllygyna bagyşlanan çäkli mukdardaky kolleksiýasyny hödürledi. Mahabat kampaniýasynyň suratlary markanyň sosial ulgamlarynda paýlaşyldy...

23.03.2026 15:10
2.6k+

Çökgünlige düşen Ralph & Russo-nyň ýyldyzlara geýdiren lybaslary satlyga çykaryldy

Bäsleşikli söwda öýi «Bonhams» 2021-nji ýylda bergili çykyp, öz işini togtadan Ralph & Russo-nyň 322 sany dizaýner lybasyny satuwa çykardy. Satuwa çykarylan gymmatbahaly geýim-gejimleriň, aýakgaplaryň we beýleki esbaplaryň içinde öň Megan Markl, Monika Belluççi, Heýli Biber, Rita Ora we Jessika Alba ýaly meşhurlara degişli bolan zatlar hem bar...