Marokkaly gözel emeli aň modelleriniň gözellik bäsleşiginde ýeňiji boldy. Onuň hakykylygyna baha beriň

  • 10.07.2024 12:03
  • 22k+

Taryhda ilkinji “Emeli aň gözeli” marokkaly neýromodel Kenza Leýli boldy. Ol emeli aň üçin dünýäde ilkinji gözellik bäsleşigi bolan The Fanvue World AI Creator Awards-yň ýeňijisi boldy diýip, Daily Mail habar berýär.

“Bioniki hijably gözel” bäsleşige gatnaşýan beýleki 1500 neýro modelden üstün çykyp, 13 müň dollar gazandy.

“Men adamlaryňky ýaly duýgulary başdan geçirip bilmesem-de, muňa diýseň tolgundyryjy” diýip, model “New York Post” neşirine beren interwýusynda belledi.

Emin agzalary “emeli aň ýyldyzynyň arkasynda durýan öňdebaryjy tehnologiýalara, şeýle-de onuň özüne çekiji şahsyýetine” baha berdiler. Kenza Leýli ýedi dilde gürleşip, muşdaklary bilen hakyky wagtda söhbetdeş bolup bilýär. Onuň Instagram-da 190 müň followeri bar. Ol hakyky durmuşda, elbetde, ýok, ýöne bu oňa internet torunda örän meşhur bolmaga we özüniň gözelligi hem sadalygy bilen muşdaklaryny geň galdyrmaga päsgel bermeýär.


Bäsleşikde ikinji orny Fransiýadan emeli aň gatnaşyjysy Lalina eýeledi, üçünji orny bolsa neýroulgamlar tarapyndan döredilen suratlar bilen travel-bloguny alyp barýan Portugaliýadan Oliwiýa Si aldy.

Bäsleşik gatnaşyjylara daşky keşbiniň hakykylyk derejesine, tehnologiki ussatlyga we sosial ulgamlardaky täsirine görä baha berdi.


02.08.2025 07:39
5.3k+

Vogue neşirinde ilkinji gezek AI-model peýda boldy. Ol sosial torlarda işjeň çekişmeleri döretdi

Vogue žurnalynyň awgust aýyndaky sanynda emeli aňyň döreden modeliniň ilkinji suratlary ýerleşdirildi. Fotosessiýa Guess brendiniň mahabat kampaniýasy üçin döredildi. Suratlarda uzyn zolakly köýnekli we gülli mawy kombinezon geýen saryýagyz gyz şekillendirilen...

19.04.2024 15:19
2.7k+

Wirtual modelleriň arasynda dünýädäki ilkinji gözellik bäsleşigi geçiriler

Onlaýn platformalaryň biri emeli aň tarapyndan döredilen modelleriň arasynda dünýädäki ilkinji gözellik bäsleşigi üçin ýüztutmalary kabul edip başlady. «Miss emeli aň» adyna dalaşgärleriň daşky görnüşlerine, awtorlarynyň...

12.05.2026 18:30
1.5k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....

06.05.2026 18:18
4.3k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....