“Oskar” baýragynyň eýesi Zoi Saldana Cartier-iň ilçisi boldy

  • 02.08.2025 15:38
  • 4.3k+

Cartier öýi amerikan-dominikan aktrisasy we “Oskar” baýragynyň eýesi Zoi Saldanany özüniň täze global ilçisi diýip yglan etdi. Bu barada şaý-sepler öýüniň uly wise-prezidenti we marketing boýunça müdiri Arno Karrez WWD neşirine habar berdi.

Ol Saldananyň zehininiň, gözelliginiň we näzikliginiň kompaniýada elmydama seslenme döredendigini we täze derejäniň aktrisanyň söwda brendi bilen köp ýyllyk  gatnaşyklarynyň nobatdaky tapgyryny  açýandygyny belledi.
Zoi Saldana “Awatardaky” we “Galaktikanyň goragçylaryndaky” ýerine ýetiren keşpleri bilen tanalýar. 2025-nji ýylda aktrisa “Emiliýa Peres” filmindäki keşbi üçin ikinji plandaky iň oňat zenan keşbi diýen ugurda “Oskar” baýragyny aldy. Ol hersi 2 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan dört filmde baş keşbi janlandyran dünýäde ýeke-täk aktrisadyr.
Aktrisa köpden bäri Cartier-iň muşdagy bolup, möhüm çäreler üçin birnäçe gezek brendiň önümlerini saýlady. Mysal üçin, “Oskar 2025” dabarasynda ol monjukdan egne atylýan bezege öwrülip bilýän, seýrek 10.1 karatlyk Zambiýa zümerretli Pantheres Versatiles şaý-sepinde peýda boldy. “Altyn globus - 2025-da” Saldana şol kolleksiýadan Melis kolýesini dakdy. Iň täsir galdyryjy görnüşleriniň biri, 2023-nji ýyldaky “Oskar” gowşurylyş dabarasyndan soň geçirilen Vanity Fair oturylyşyk agşamynda ýörite özi üçin döredilen 150 sany göwherli we oniks şelpeli altyn zynjyrdan ýasalan Cartier ýapynjasynda peýda bolmagy bolupdy.
Saldana indi brendiň Jemma Çan, Jisu (Blackpink), Timoti Şalame we Rami Malek ýaly ýüzlerine goşuldy.


02.02.2026 15:28
2.5k+

Odri Hepbýorne degişli bolan Bulgari gülýakasy çaklanan bahasyndan 5 esse gymmat satyldy

Aktrisa Odri Hepbýorne degişli bolan 1960-njy ýyllaryň Bulgari gülýakasy Pariždäki Sotheby’s auksionynda 355 600 ýewro satyldy diýip, söwda öýüniň saýty habar berýär. Harydyň ahyrky bahasy deslapky 60 müň ýewro bahadan bäş esse dagy ýokary boldy...

28.01.2026 14:45
1.7k+

«Modanyň şasy»: Jorjo Armaniniň durmuşy barada film düşüriler

«Oskar» baýragyna mynasyp bolan «Çaknyşyk» (Столкновение) filminiň ssenariçisi Bobbi Moresko italýan modelýeri Jorjo Armani barada biografik film düşürer. Bu barada Deadline neşiri habar berýär. Filmiň ady häzirlikçe— «Armani — modanyň şasy» diýlip goýuldy...

14.01.2026 17:41
5.4k+

«Gaty geň zatlaryň» ýyldyzy Milli Bobbi Braun öz egin-eşik brendini çykardy

Britaniýaly aktrisa we model,  «Gaty geň zatlar» («Очень странные дела») serialynyň ýyldyzy Milli Bobbi Braun Mills by Millie Bobby Brown atly egin-eşik brendini çykardy.  Fashion Network neşiriniň habaryna görä, brendiň önümleri  diňe Walmartyň ABŞ-daky dükanlarynda satylýar...

30.09.2025 17:48
3.1k+

Guççiniň maşgalasy barada täze serial surata düşüriler

Italiýanyň Sky telekompaniýasy Guççiniň maşgalasy barada serialyň taýýarlanýandygyny habar berdi. “Guççi: Oýun gutardy” (“Гуччи: Игра окончена”) atly alty bölümli taslamanyň surata düşürilişi 2026-njy ýylyň ýazynda başlanar diýip, Variety habar berýär...