UFC Makgregoryň söweşi üçin petek satuwyndan rekord $20 mln gazandy

  • 13.05.2024 12:57
  • 29k+

UFC 303 ýaryşynda geçiriljek Makgregor bilen Çendleriň arasyndaky söweş üçin petek satuwy promouşeniň rekordyny täzeledi. Bu barada UFC-niň ýolbaşçysy Dana Uaýt habar berdi. Onuň aýtmagyna görä, petekler liga 20 mln dollardan gowrak girdeji getirdi diýip, “Sport-Ekspress” belleýär.

Bu mukdar 2016-njy ýylda UFC 205-de goýlan öňki rekordy täzeleýär, şonda Makgregor Eddi Alwares bilen söweşipdi. Petek satuwyndan girdeji bolsa 17,7 mln dollar boldy.
Makgregor üçýyllyk arakesmeden soň oktagona gaýdyp geler. Ol 29-njy iýunda Las-Wegasda UFC 303-üň çäklerinde amerikaly Çendler bilen söweşer.
Soňky gezek Makgregor 2021-nji ýylda söweşip, Dastin Porýeden ýeňildi. 2014-nji ýylda Makgregor Porýeden üstün çykypdy, ýöne 2021-nji ýylda amerikala rewanş almak başartdy.


16.06.2026 08:32
12k+

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....

15.06.2026 15:55
10k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

15.06.2026 15:42
10k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......

15.06.2026 14:57
5.6k+

Pereýra üçünji guşagyny alyp bilmedi: Siril Gan söweşi nokaut bilen jemledi

Aşgabat wagty bilen 15-nji iýunda irden Waşingtonda, Ak tamyň çäginde taryhy UFC Freedom 250 ýaryşy geçirildi....