Mahaçew bilen Maddalena noýabrda “Medison-skwer-gardende” titul söweşini geçirer

  • 05.08.2025 10:58
  • 15k+

Russiýaly Islam Mahaçew 15-nji noýabrda Nýu-Ýorkdaky meşhur “Medison-skwer-garden” arenasynda awstraliýaly Jek Della Maddalena bilen titul söweşini geçirer. Bu barada ABŞ-da geçirilen metbugat maslahatynda ýeňil agram derejesinde UFC-niň öňki çempiony Habib Nurmagomedow habar berdi.

“Biziň ylalaşygymyz bar. Islam “Medison-skwer-gardende” Jek Della Maddalena bilen söweşer. Olar razy boldular” – diýip, Habib aýtdy.

Ýatlap geçsek, Mahaçew ýeňil agramda tituly boşadyp, has agyr agram derejesine geçdi. Şondan soň erkin guşagy Çarlz Oliweýra bilen söweşde Iliýa Topuriýa aldy.
Garyşyk başa-baş söweşde 33 ýaşly Mahaçewiň professional rekordy 27 ýeňişden we 1 ýeňlişden ybarat. Ol özüniň soňky söweşini 18-nji ýanwarda geçirdi. Şol wagt Islam Los-Anjelesde (Kaliforniýa ştaty, ABŞ) geçirilen UFC 311 ýaryşynyň esasy söweşinde birinji raundda demikdiriji usul bilen braziliýaly Renato Moýkanony ýeňdi. Mahaçew üçin bu ýeňiş ýeňil agramda yzygider 14-nji boldy.
Maddalena yzygider 18 söweş – 2016-njy ýyldan bäri ýeňilmän gelýär. Ol karýerasynyň başynda diňe iki gezek ýeňlişe sezewar boldy, şondan soň 0-2 hasabyny 18-2 etdi. Soňky gezek 28 ýaşly söweşiji şu ýylyň maý aýynda UFC 315 ýaryşynda Belal Muhammada garşy söweşdi. Bu söweşde Jek emin agzalarynyň biragyzdan karar bermeginde ýeňiş gazandy we ýarym orta agram derejesinde UFC-niň çempion guşagyny eýeledi.


düýn 14:40
3.7k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

18.06.2026 22:41
8.8k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......

17.06.2026 17:46
14k+

Döwletjan Ýagşymyradow PFL NY ýaryşynda Simeon Pawelle garşy urşar

Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň (MMA) türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow özüniň indiki duşuşygyny 31-nji iýulda Nýu-Ýorkda PFL NY ýaryşynda geçirer. Onuň garşydaşy ýarym agyr agramda PFL reýtinginiň......

16.06.2026 08:32
13k+

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....