Türkiýäniň ilkinji Togg T10X awtomobili Ýewropa çykýar

  • 17.05.2024 17:36
  • 26k+

Türkiýäniň Togg awtomobili Ýewropa bazaryna çykar we ilki Germaniýadan başlap, bu ýerde 2025-nji ýylda satylyp başlanar. Bu barada Türkiýäniň senagat we tehnologiýalar ministri Fatih Kajyr aýtdy diýip, ixbt.com habar berýär.

“Biz häzir tutuş pudagy özgertmegiň hereketlendirijisi bolan täze brendiň döremeginiň şaýady bolýarys. Togg 2025-nji ýylyň başynda Germaniýada satylyp başlanar we şeýlelik bilen Ýewropa bazaryna çykar” – diýip, ministr belledi.

Ol Türkiýäniň ýollaryna eýýäm 30 müň töweregi Togg-yň çykandygyny aýtdy. Häzir awtomobili işläp düzüjiler programma üpjünçiligini kämilleşdirmegiň üstünde zähmet çekýärler, ýakynda ýüzi tanaýyş tehnologiýasy-da goşuldy. Mundan başga-da, awtoulagy awtonom dolandyryş we emeli aň ugrunda hem kämilleşdirmek meýilleşdirilýär.
Häzirlikçe alyjylar üçin diňe Togg T10X elektrokrossoweri elýeterlidir. Ýanwar aýynda Türkiýe ikinji Togg modeli T10F-i hödürledi, ol Türkiýede 2025-nji ýylda satuwa çykar.
Türkiýe ýedi ýylyň içinde bir milliona golaý elektromobil çykarmagy meýilleşdirýär.


24.06.2026 18:36
4.4k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......