Geolog da Winçiniň “Mona Lizasynyň” çekilen ýerini tapdy

  • 14.05.2024 15:32
  • 25k+

Italiýaly geolog we utgaşyklylykda Galkynyş eýýamynyň sungaty öwrenijisi Anne Pissorusso Leonardo da Winçiniň meşhur “Mona Liza” eserini çeken ýerini tapyp bilendigini öňe sürdi diýip, The Guardian gazeti ýazýar.

Hünärmen kartinanyň arka fonundaky peýzažy ençeme ýyllap öwrendi we onuň hakyky sebitdigini - Italiýanyň demirgazygyndaky Komo kölüniň kenaryndaky Lekko kommunasynyň şekillendirilendigini tassyklaýar. Hünärmen Da Winçi bu ýerlere, takmynan, 500 ýyl ozal baryp görüpdir diýip belleýär.

"Meňzeşlikleri inkär edip bolmaýar" - diýip, Pissorusso ýeri dogry tanamakda geologiýa bilimindäki tejribesine daýanyp aýdýar.
"Geologlar kartinalara, sungaty öwrenijiler geologiýa seretmeýärler – diýip ol düşündirmegini dowam edýär. - Sungaty öwrenijiler Leonardonyň elmydama hyýalyny ulanandygyny aýdýarlar, ýöne islendik geolog meniň çaklamalarymy tassyklar. Meňzeşlikleri hatda geolog bolmadyk adamlar hem görüp biler".

Ozal käbir hünärmenler Jokondanyň portretiniň Italiýanyň başga ýerinde, mysal üçin Bobbioda ýa-da Aresso-da çekilendigini öňe sürüpdirler. Şeýlelik bilen, 2023-nji ýylda gözlegçiler kartinadaky köpriniň Aresso welaýatynyň bir gurluşyndan göçürilendigini çaklaýardylar. Emma Pissorusso köprüleriň diňe bir ýeriniň meňzeşliginiň ýeterlik däldigini belläp, bu nazaryýeti ret edýär, sebäbi şoňa meňzeş arkaly desgalar Italiýanyň köp ýerinde bar. Pissorussonyň özi sebitiň tebigatyna üns berdi. Onuň sözlerine görä, Lekkodaky gaýalar hek daşyndan ybaratdyr we da Winçi bolsa kartinasynda hut şol daşy suratlandyrypdyr. Şeýle hem, ol kartinada görkezilýän kölüň Bobbioda ýa-da Aressoda däl-de, Lekkoda bardygyny belleýär.
Beýleki hünärmenler Da Winçi öz meşhur eserinde hyýaly we ideallaşdyrylan peýzažy şekillendiripdir diýip pikir edýärler, ýöne Pissorusso suratkeşiň hemişe okuwçylaryna tebigaty takyk suratlandyrmagy öwredendigini aýdyp, olaryň pikiri  bilen ylalaşmaýar.


düýn 08:10
4.4k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......

21.06.2026 16:08
3.6k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
4.2k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
3.2k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......