Awstriýaly alymlar mikroplastik bilen öýkende howply täze döremäniň arasynda baglanyşyk tapdylar

  • 22.07.2025 12:35
  • 7.9k+

Awstriýadaky Wena lukmançylyk uniwersitetiniň alymlary mikroplastigi we nanoplastigi demiňe dartmagyň öýkeniň öýjüklerinde kanserogeneziň irki döwürleri bilen baglanyşykly howply üýtgeşmelere getirip biljekdigini anykladylar. Bu barada uniwersitetiň metbugat beýanatyna salgylanýan RIA Nowosti habar berýär.

Barlag polistiroldan öndürilen iň kiçi mikroplastik bölejikleriň aýratyn howpludygyny ýüze çykardy. Olar sagdyn öýkeniň öýjüklerine has işjeň sorulýarlar we rak keseliniň irki döwürlerine mahsus biologik prosesleri döredýärler. Hususan-da, öýjüklerde DNK-nyň zaýalanmagy, güýçli migrasiýa, okislenme stresi we ösüşe hem-de ýaşamaga ýardam edýän signal ýollarynyň işjeňleşýändigi anyklandy.
Polistirol - iýmit gaplamalarynda, ýogurt gaplarynda we bir gezek ulanylýan kofe käselerinde bolýan durmuşda iň köp ulanylýan plastmassalaryň biridir.
Barlagyň awtorlary netijeleriň mikroplastik bilen dowamly dem alyş keselleriniň we rak keseliniň arasyndaky baglanyşyk barada täze sowallary döredýändigini nygtaýarlar. Olar çuňlaşdyrylan dersara barlag geçirmäge çagyrdylar we daşky gurşawyň plastika bilen hapalanmagynyň gyssagly öňüni almagyň zerurdygyny bellediler.


düýn 10:01
3.1k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
2.7k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......

17.06.2026 10:34
2.1k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....

13.06.2026 16:56
2.1k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......