Perm ülkesinde Ýerdäki iň gadymylara degişli jandarlaryň yzlary tapyldy

  • 24.07.2025 10:31
  • 3.7k+

Russiýanyň Perm ülkesinde suwuň yza çekilmegi üýtgeşik paleontologiki açyşlara getirdi. Şirokowskiý suw howdanynyň kenarynda Ýeriň ýüzünde 550 mln ýyldan gowrak ozal ýaşap geçen gadymy köp öýjükli organizmleriň yzlary tapyldy. Bu barada RYA-nyň Geologiýa instituty habar berdi.

Gürrüň ediakar faunanyň wekilleri – Ýerde oňurgalylar we ýaşaýşyň beýleki çylşyrymly formalary peýda bolmazdan öň ýaşan ýumşak bedenli organizmler barada gidýär. Skeletiň ýokdugy sebäpli olar geologik ýyl ýazgylarynda seýrek saklanyp galýar. Şonuň üçin tapyndy ylym üçin örän gymmatlydyr.
Yzlar bir aýlap dowam eden ekspedisiýanyň dowamynda howdandaky suwuň derejesiniň kem-käsleýin peselen wagty ýüze çykaryldy. Alymlar AspidellaMawsonitesHiemalora ýaly jandarlaryň, şeýle-de Orta Ural üçin ilkinji gezek ýapraklara ýa-da ýeleklere meňzeş rangeomorflaryň yzlaryny tapdy.
“Biz diňe bir sowet geology Ýuriý Bekker tarapyndan öwrenilen zatlary däl, eýsem başga bir ýerde – Lysaýa dagynyň eteginde täze organizmleriň hem yzlaryny tapdyk” – diýip, ekspedisiýanyň ýolbaşçysy Anton Kolesnikow gürrüň berdi.
Ylmy gözleg Gondwana Research žurnalynda neşir edildi. Alymlar bu tapyndylar Ýerdäki ýaşaýşyň ösüşi baradaky düşünjäni üýtgedip biler diýip hasaplaýar.


düýn 17:37
1.7k+

Fizikler ýadro sagadynyň ilkinji prototipini işe girizdi: olar wagt baradaky düşünjeleri üýtgeder

Halkara fizikler topary taryhda ilkinji gezek ýadro sagadynyň işini görkezdi. Häzirki wagtda bar bolan atom standartlaryndan tapawutlylykda, täze enjam wagty elektronlaryň yrgyldysy boýunça däl-de, atom......

düýn 08:02
1.9k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

düýn 07:48
1.3k+

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....

23.06.2026 22:30
1.9k+

Ultrasesli espresso: Sidneýli alymlar kofe gaýnatmagyň täze usulyny oýlap tapdylar

Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki Täze Günorta Uels uniwersitetiniň hünärmenleri espresso taýýarlaýan täze enjam döretdiler. Bu gurluş gyzgyn suw ulanman, ýörite ultrases gurnamasy tarapyndan döredilýän ýokary......