Türkmen talyplary Italiýanyň Daşary ýurtlular üçin Perujiýa uniwersitetinde okuwlara gatnaşýarlar

  • 19.07.2025 14:14
  • 16k+

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary 28-nji iýunyndan 2-nji awgust aralygynda Italiýa Respublikasynyň Daşary ýurtlular üçin Perujiýa uniwersitetinde geçirilýän italýan dili we medeniýeti boýunça okuwlara gatnaşýarlar. Bu sapar iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen Italiýanyň uniwersitetiniň çakylygy boýunça gurnalýar.

Daşary ýurtlular üçin Perujiýa uniwersiteti (Università per Stranieri di Perugia) tutuş ýurt boýunça diňe daşary ýurtly talyplar üçin gapylaryny açan iki ýokary okuw mekdebiň biridir. Bu Italiýanyň iň gadymy we abraýly uniwersiteti bolup, bu ýokary okuw mekdep diňe bir talyp ýaşlara ylym öwretmek we ylmy gözleg işlerini geçirmek bilen çäklenmän, daşary ýurtdan gelen ýaşlaryň italýan diline we medeniýetine bolan garaýşyny has-da kämilleşdirýär.
Türkmen ýaşlarynyň italýan dilini öwrenmek endiklerini kämilleşdirmek mümkinçiligi diňe bir hyzmatdaşlygy ýola goýmakda däl, eýsem, ýurduň medeniýetine we taryhyna düşünmekde-de aýratyn ähmiýetlidir. 
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary hem öz gezeginde medeni alyş-çalyş we oňyn gepleşiklere goşant goşýan ýurdumyzyň taryhy we medeni mirasyna degişli baý maglumatlary daşary ýurtly deň-duşlary bilen paýlaşýarlar.


02.06.2026 20:35
3.7k+

Maryda ýaşlaryň arasynda geçirilen robototehnika bäsleşiginiň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen bilelikde Mary şäherinde «Ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy» boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyry guraldy. Bu......

01.06.2026 17:06
2.9k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......

30.05.2026 17:05
9.1k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......

25.05.2026 20:48
3.8k+

Aşgabatdaky sergide eMekdep ulgamynyň mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Aşgabatda paýtagtyň 145 ýyllygyna bagyşlanyp, giň gerimde geçirilen «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, bu ugurda alnyp barylýan geljegi uly......