Haýwanlar bilen ösümlikleriň aragatnaşygyň ilkinji ylmy delilleri peýda boldy

  • 22.07.2025 12:28
  • 5.7k+

Tel-Awiw uniwersitetiniň barlagçylary ösümlikler bilen haýwanlaryň arasyndaky özara akustiki aragatnaşygy hasaba aldylar. Ösümlikler öz ýagdaýyny aňladýan sesleri çykarýarlar, haýwanlar bolsa jogap hökmünde özlerini alyp barşyny üýtgedýärler diýip, uniwersitetiň metbugat gullugy habar berýär.

Alymlar ösümlikleriň stres ýagdaýda ses çykarýandygyny anykladylar. Bu sesler patrak taýýarlananda çykýan seslere meňzeýär we aň bilen däl-de, ösümligiň fiziki üýtgemeleri bilen baglanyşyklydyr. Sesleri adam eşidip bilmez, ýöne olary ýarganatlar, gemrijiler, mör-möjekler we hatda beýleki ösümlikler hem duýup bilerler.


Synag pomidoryň ýapraklarynyň üstünde ýumurtga guzlaýan ene güýeleriň diňe sagdyn ösümlikleri saýlaýandygyny görkezdi. Synaglaryň dowamynda mör-möjekler olaryň çykarýan seslerinden çen alyp, sagdyn däl ýa-da gurap barýan  ösümlikleriň üstünde ýumurtga goýmadylar.
Professor Lilak Hadani ösümliklerde we haýwanlarda ses çykarmak hem-de ony duýmak ukyby bilelikdäki ewolýusiýanyň dowamynda kemala gelipdir we olaryň ikisine-de peýdaly diýip hasaplaýar.
Barlagyň indiki tapgyrynda, mysal üçin gurakçylyk şertlerinde, ösümlikleriň ses maglumatlaryny öz aralarynda birek-birege geçirişleri we oňa jogap berişleri öwreniler.


şu gün 08:10
1.7k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......

düýn 16:08
3k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
4k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
3k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......