Bill Geýtsiň öňki aýaly Bill we Melinda Geýts gaznasyndan gidýändigini habar berdi

  • 14.05.2024 21:34
  • 19k+

Haýyr-sahawatçy Melinda Frenç Geýts Bill we Melinda Geýts Foundation gaznasynyň egindeş başlygy wezipesinden gidýändigini habar berdi.

“Pugta ölçerip-döküp, pikirlenenimden soň, Bill we Melinda Geýts Gaznasynyň egindeş başlygy wezipesinden gitmek kararyna geldim. Gaznada iň soňky iş günüm 7-nji iýun bolar" - diýip, Melinda Geýts 13-nji maýda X (öňki Twitter) sosial ulgamynda habar berdi.

Öňki adamsy, Microsoft-yň esaslandyryjysy Bill Geýts bilen baglaşylan şertnama laýyklykda Melinda gaznadan çykandan soň ABŞ-da we dünýäde “aýallaryň we maşgalalaryň bähbidine” haýyr-sahawat maksatlary üçin 12,5 milliard dollar alar.
Öňki aýalynyň gelen karary barada teswir bermek bilen, Bill Geýts gaznanyň işine goşan goşandy üçin oňa minnetdarlyk bildirdi.

"Melindanyň gidýändigine gynanýaryn, ýöne özüniň geljekki haýyr-sahawat işine uly täsir etjekdigine ynanýaryn" – diýip, ol X sosial ulgamynda ýazdy we özüniň “gaznanyň işine doly yhlasly bolup galýandygyny” sözüniň üstüne goşdy.  

Bil Geýts bilen Melinda Frenç 1994-nji ýylda durmuş gurupdylar. Olaryň üç çagasy bar. 2021-nji ýylda är-aýal aýrylyşýandyklaryny mälim etdiler.
Bil we Melinda Geýts gaznasy iň uly hususy we dünýäde iň täsirli gaznalaryň biri. Ol 2000-nji ýylda esaslandyryldy. 2022-nji ýylyň maglumatyna görä, bu gaznanyň takmynan 69 milliard dollary bar. Gazna ösüp barýan ýurtlarda howply kesellere garşy göreşmeklige, ABŞ-da saglyk we bilim maksatnamalaryna gönükdirilendir. Şeýle hem bu gurama COVID-19 sanjymyny döretmek we pandemiýa döwründe ilatyň iň ejiz gatlaklaryna goldaw bermek üçin ýüzlerçe million dollar bölüp beripdi.


17.01.2026 15:03
5.2k+

Bill Geýts on ýyldan soň iki günlük iş hepdesiniň boljakdygyny çaklaýar

Microsoft-yň egindeş esaslandyryjysy Bill Geýts on ýyldan soň, emeli aňyň ösmegi netijesinde, adamlaryň hepdede diňe iki gün işlejekdigini aýtdy. Ol bu barada The Tonight Show teleýaýlymyndaky Jimmy Fallon bilen bolan söhbetdeşliginde aýtdy we öz sözlerini indi köp işlerde adam hyzmatynyň talap edilmeýändigi we başga işler üçin wagty ep-esli artjakdygy bilen düşündirdi...

13.01.2026 16:15
6.4k+

Bill Geýts emeli aňyň howplary hakynda täze esse ýazdy

Bill Geýts her ýyl okyjylara hödürleýän essesiniň «Çykgytly optimizm» atly täze nusgasyny çap etdi. Onda Microsoft kompaniýasynyň esaslandyryjysy emeli aňyň häzirki ýagdaýyna we geljegine baha berýär. Geýts essede tehnologiýanyň ýokary mümkinçiliklerini ykrar etmek bilen birlikde, onuň çalt we harsal düzgünleşdirilmegi bilen baglanyşykly bolup biläýjek ulgamlaýyn töwekgelçiliklere ünsi çekýär...

05.06.2025 10:17
9.3k+

Bill Geýts baýlygynyň esli bölegini Afrika kömek üçin bagyş eder

Microsoft korporasiýasynyň esaslandyryjysy Bill Geýts öz baýlygynyň ep-esli bölegini Afrikadaky meseleleri çözmäge gönükdirjekdigini habar berdi. Bu barada Geýtsiň haýyr-sahawat gaznasynyň habarynda aýdylýar. Forbes neşiri milliarderiň baýlygyny 116,5 mlrd dollar diýip hasaplaýar...

02.06.2025 17:35
6.3k+

Ýatlamalara täsir eden ýatlamalar: Bill Geýts tomus üçin kitaplaryň sanawyny paýlaşdy

Bill Geýts tomusda okamak üçin kitaplaryň sanawyny hödürledi. Şu ýyl ol öz awtobiografiýasyny ýazmakda ugur alan ýatlamalaryny maslahat berýär. Her bir wakanyň merkezinde – öňdebaryjylyk, adamkärçilik we kynçylyklary ýeňip geçmek temalary bar...