Bill Geýts baýlygynyň esli bölegini Afrika kömek üçin bagyş eder

  • 05.06.2025 10:17
  • 9.4k+

Microsoft korporasiýasynyň esaslandyryjysy Bill Geýts öz baýlygynyň ep-esli bölegini Afrikadaky meseleleri çözmäge gönükdirjekdigini habar berdi. Bu barada Geýtsiň haýyr-sahawat gaznasynyň habarynda aýdylýar.

Forbes neşiri milliarderiň baýlygyny 116,5 mlrd dollar diýip hasaplaýar. Ol dünýäniň iň baý adamlarynyň reýtinginde 13-nji orny eýeleýär.

“Ýakynda men geljek 20 ýylda öz baýlygymy paýlamagy borç edindim. Bu serişdeleriň uly bölegi Afrikadaky meseleleri çözmekde kömek etmäge gönükdiriler” – diýip, Geýts Afrika birleşiginde eden çykyşynda aýtdy.

Gaznanyň beýanyna görä, onuň býujeti geljek 20 ýyl üçin 200 mlrd dollar bolar. Bu möhletden soň gurama öz işini tamamlar. Geýts öz baýlygynyň esasy bölegini hut gazna gönükdirmek isleýär.
Geýtsiň gaznasy Afrikada eýýäm köp ýyl bäri işleýär. Onuň Efiopiýada, GAR-da, Keniýada, Nigeriýada we Senegalda wekilhanalary bar.
Geýts Afrika ýurtlarynyň, saglygy goraýyş we bilim ulgamyny ösdürse, ösüş gazanyp biljekdigini belledi. Ol ilkinji lukmançylyk kömeginiň we göwreli aýallaryň hem ýaş çagalaryň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmagyň möhümdigini aýtdy.
Şeýle-de, ol yklymyň ýurtlarynyň esasy meseleleri çözmekde emeli aňdan peýdalanmak synanyşygy barada belläp, bu tagallalara oňyn baha berdi.


19.05.2026 12:17
4k+

Geýtsleriň gaznasy Microsoft-daky paýyny doly satdy

Gates Foundation haýyr-sahawat gaznasy 2026-njy ýylyň birinji çärýeginde kompaniýanyň soňky 7,7 million aksiýasyny satyp, Microsoft-yň maýasyndan doly çykdy....

17.01.2026 15:03
5.2k+

Bill Geýts on ýyldan soň iki günlük iş hepdesiniň boljakdygyny çaklaýar

Microsoft-yň egindeş esaslandyryjysy Bill Geýts on ýyldan soň, emeli aňyň ösmegi netijesinde, adamlaryň hepdede diňe iki gün işlejekdigini aýtdy. Ol bu barada The Tonight Show teleýaýlymyndaky Jimmy Fallon bilen bolan söhbetdeşliginde aýtdy we öz sözlerini indi köp işlerde adam hyzmatynyň talap edilmeýändigi we başga işler üçin wagty ep-esli artjakdygy bilen düşündirdi...

13.01.2026 16:15
6.5k+

Bill Geýts emeli aňyň howplary hakynda täze esse ýazdy

Bill Geýts her ýyl okyjylara hödürleýän essesiniň «Çykgytly optimizm» atly täze nusgasyny çap etdi. Onda Microsoft kompaniýasynyň esaslandyryjysy emeli aňyň häzirki ýagdaýyna we geljegine baha berýär. Geýts essede tehnologiýanyň ýokary mümkinçiliklerini ykrar etmek bilen birlikde, onuň çalt we harsal düzgünleşdirilmegi bilen baglanyşykly bolup biläýjek ulgamlaýyn töwekgelçiliklere ünsi çekýär...

02.06.2025 17:35
6.4k+

Ýatlamalara täsir eden ýatlamalar: Bill Geýts tomus üçin kitaplaryň sanawyny paýlaşdy

Bill Geýts tomusda okamak üçin kitaplaryň sanawyny hödürledi. Şu ýyl ol öz awtobiografiýasyny ýazmakda ugur alan ýatlamalaryny maslahat berýär. Her bir wakanyň merkezinde – öňdebaryjylyk, adamkärçilik we kynçylyklary ýeňip geçmek temalary bar...