Ýatlamalara täsir eden ýatlamalar: Bill Geýts tomus üçin kitaplaryň sanawyny paýlaşdy

  • 02.06.2025 17:35
  • 6.3k+

Bill Geýts tomusda okamak üçin kitaplaryň sanawyny hödürledi. Şu ýyl ol öz awtobiografiýasyny ýazmakda ugur alan ýatlamalaryny maslahat berýär.

Her bir wakanyň merkezinde – öňdebaryjylyk, adamkärçilik we kynçylyklary ýeňip geçmek temalary bar.

“Şahsy kyssa” (Личная история / Personal History), Ketrin Grem
Geýts bu memuarlaryň şahsy we hünär synaglary barada aç-açan gürrüň bermekde nusgalyk bolandygyny belleýär.
Ketrin Grem adamsy ýogalandan soň, The Washington Post gazetine ýolbaşçy bolýar. Tejribesi bolmazdan we erkek kärdeşleriniň basyşyna sezewar bolmak bilen, ol neşiri möhüm wakalardan, şol sanda Uotergeýt dawasyndan geçirdi.
Geýts bu kitaby çydamlylygyň, öňdebaryjylygyň we gaýduwsyzlygyň mysaly hasaplaýar. Şeýle-de, ol 2025-nji ýylda çykan Becoming Katharine Graham dokumental filmine tomaşa etmegi maslahat berýär.

“Umydyň kowgusynda” (В погоне за надеждой / Chasing Hope), Nikolas Kristof
Kitabyň awtory Pulitser baýragynyň eýesi bolup, ol karýerasyny garyplyga we kesellere garşy göreşe bagyşlady.
Kitap dünýäniň iň gowşak nokatlarynda işlän žurnalistiň şahsyýet hökmünde kemala gelşi barada gürrüň berýär.
Geýts Kristofyň 1997-nji ýyldaky çaga ölümi baradaky makalasynyň özüne Gates Foundation gaznasyny döretmäge itergi berendigini ýazýar. Ol, aýratynam, awtoryň umyt ýok ýaly görnen ýagdaýlarda-da, umydy we adalata ynamy saklamak synanyşygyna ýokary baha berýär.

“Okumyş” (Ученица / Educated), Tara Westower
Awtor Aýdahonyň uzak bir ýerinde, mekdepleri, hassahanalary we döwlet edaralaryny ykrar etmeýän maşgalada ulaldy. Muňa garamazdan, ol özbaşdak taýýarlanyp, kolleje okuwa girdi, soňra Kembrijde doktor derejesini aldy.
Geýts onuň wakasyny Wild Wild Country serialy bilen deňeşdirýär we ony bilimiň hem güýçli erkiň kynçylyklary ýeňip geçip biljekdiginiň mysaly hasaplaýar.

“Reňksiz” (Бесцветный / Born a Crime), Trewor Noa
Komik we The Daily Show-yň öňki alypbaryjysy GAR-daky çagalygy barada gürrüň berýär. Ol aparteid ýyllary, jenaýat hasaplanan nikadan dogulýar. Geýts kitaby bir wagtyň özünde hem şadyýan, hem pajygaly diýip atlandyrýar. Ol Noanyň gülki bilen agyr temalary: garyplygy, zorlugy we jynsparazlygy gürrüň berýändigini belleýär.
Geýtsde diliň Noa üçin dürli adamlar bilen aragatnaşyk gurmagyň usulyna öwrülendigi baradaky pikir aýratyn täsir galdyrdy.

“Ýeňliş” (Капитуляция / Surrender), Bono
Awtobiografiýada Irlandiýadan U2 rok-toparynyň frontmeni Dubliniň eteginden çykan bir ýetginjekden belli sazanda we filantropa çenli geçen ýoly barada gürrüň berýär.
Geýts awtor bilen köpýyllyk dostlugyna garamazdan, kitapdan köp täze zatlary öwrenendigni ýazýar. Hususan-da, Bononyň kakasy bilen kyn gatnaşygy, topardaky dawalar we U2-niň dargamak ýagdaýyna ýetendigi barada.
Ol kitabyň işe wepalylygy we adalat üçin göreşi gowy açyp görkezýändigini aýdýar. Geýtsiň pikiriçe, bu diňe bir aýdym-saz muşdaklary däl, hemmeler üçin ruhlandyryjy kitapdyr. 


17.01.2026 15:03
5.2k+

Bill Geýts on ýyldan soň iki günlük iş hepdesiniň boljakdygyny çaklaýar

Microsoft-yň egindeş esaslandyryjysy Bill Geýts on ýyldan soň, emeli aňyň ösmegi netijesinde, adamlaryň hepdede diňe iki gün işlejekdigini aýtdy. Ol bu barada The Tonight Show teleýaýlymyndaky Jimmy Fallon bilen bolan söhbetdeşliginde aýtdy we öz sözlerini indi köp işlerde adam hyzmatynyň talap edilmeýändigi we başga işler üçin wagty ep-esli artjakdygy bilen düşündirdi...

13.01.2026 16:15
6.4k+

Bill Geýts emeli aňyň howplary hakynda täze esse ýazdy

Bill Geýts her ýyl okyjylara hödürleýän essesiniň «Çykgytly optimizm» atly täze nusgasyny çap etdi. Onda Microsoft kompaniýasynyň esaslandyryjysy emeli aňyň häzirki ýagdaýyna we geljegine baha berýär. Geýts essede tehnologiýanyň ýokary mümkinçiliklerini ykrar etmek bilen birlikde, onuň çalt we harsal düzgünleşdirilmegi bilen baglanyşykly bolup biläýjek ulgamlaýyn töwekgelçiliklere ünsi çekýär...

05.06.2025 10:17
9.3k+

Bill Geýts baýlygynyň esli bölegini Afrika kömek üçin bagyş eder

Microsoft korporasiýasynyň esaslandyryjysy Bill Geýts öz baýlygynyň ep-esli bölegini Afrikadaky meseleleri çözmäge gönükdirjekdigini habar berdi. Bu barada Geýtsiň haýyr-sahawat gaznasynyň habarynda aýdylýar. Forbes neşiri milliarderiň baýlygyny 116,5 mlrd dollar diýip hasaplaýar...

10.05.2025 14:14
8.2k+

Bill Geýts baýlygynyň tas ählisini haýyr-sahawat işlerine bagyşlar

Microsoft korporasiýasynyň esaslandyryjysy, milliarder we haýyr-sahawatçy Bill Geýts 20 ýylyň dowamynda şahsy baýlygynyň tas hemmesini diýen ýaly haýyr-sahawat işlerine bagyşlajakdygyny mälim etdi. Ol 200 milliard dollara barabar serişdäni öz «Gates Foundation» gaznasy arkaly paýlamagy göz öňünde tutýar...