Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Kazana bardy

  • 16.05.2024 07:21
  • 24k+

15-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Kazanda “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum” XV halkara ykdysady forumynyň çärelerine gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary bilen bardy.

 

Türkmenistanyň, Russiýa Federasiýasynyň we Tatarystan Respublikasynyň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Kazan şäheriniň Gabdulla Tukaý adyndaky Halkara howa menzilinde Gurbanguly Berdimuhamedowa duz-çörek, çak-çak tatar milli tagamy hödürlenildi hem-de gül dessesi gowşuryldy.
Howa menzilinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow we beýleki resmi adamlar mähirli garşyladylar.
“Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum” XV halkara ykdysady forumy 14-19-njy maý aralygynda geçirilýär. 15-nji maýda forumyň esasy maksatnamasy başlandy.
Düýn Kazandaky Kremlde Tatarystanyň Baştutany bilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň duşuşygy geçirildi.


düýn 11:28
577

Wenada Türkmenistanyň gatnaşmagynda CTBTO-nyň Taýýarlyk komissiýasynyň mejlisi geçýär

Türkmenistanyň wekiliýeti 15—17-nji iýun aralygynda Wena şäherinde geçirilýän Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnama guramasynyň (CTBTO) Taýýarlyk komissiýasynyň 66-njy mejlisine gatnaşýar.......

16.06.2026 19:44
2.1k+

Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy

16-njy iýunda daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýew bilen duşuşdy. Bu barada DIM-iň metbugat gullugy habar......

15.06.2026 18:57
1.7k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy $19 milliondan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-üsi hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

13.06.2026 16:30
1k+

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......