Türkmenistanda döwlet mekdebe çenli çagalar edaralaryna çagalary kabul etmegiň tertibi tassyklanyldy

  • 14.05.2024 15:10
  • 22k+

Türkmenistanda döwlet mekdebe çenli çagalar edaralaryna çagalary kabul etmegiň we ondan çykarmagyň, şeýle hem çagany bir çagalar edarasyndan beýleki çagalar edarasyna geçirmegiň tertibi tasyklanyldy. Degişli Tertip Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň hukuk maglumatlar merkezinde çap edildi.

Tertipde şular kesgitlenilýär:

  • mekdebe çenli çagalar edaralaryna ýollaýyş hatyny bermek boýunça iş toparynyň düzümi we wezipe borçlary;
  • çaganyň ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň ýüz tutmalaryna garamagyň we mekdebe çenli çagalar edaralaryna Ýollaýyş hatyny bermegiň tertibi.

Tertipde bellenilişi ýaly, ata-eneler ýazgyda durýan ýerine garamazdan çagalaryny öz ýaşaýan ýa-da işleýän ýeriniň golaýynda ýerleşýän mekdebe çenli çagalar edaralaryna ýerleşdirmäge hukuklary bardyr.
Tertipde şeýle hem çagany mekdebe çenli çagalar edaralaryna ýerleşdirmek üçin Ýollaýyş hatyny almak üçin gerekli resminamalaryň sanawy getirilýär.
Tertibiň doly tekstini şu salgydan okap bilersiňiz.


14.05.2026 19:01
1.7k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.6k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......