“Döredijiligi ýok etmek mümkin däl”: Samsung Apple-iň dawaly mahabatynyň "dowamyny" çykardy

  • 17.05.2024 13:26
  • 7.8k+

Samsung Apple kompaniýasynyň iPad Pro bilen bagly soňky dawaly mahabatynyň üstünden gülmek mümkinçiligini elden gidirmedi. Kompaniýa bu mahabata jogap hökmünde dürli päsgelçiliklere garamazdan, döredijiligiň gülleýändigini görkezýän wideony çykardy. Bu barada ixbt.com habar berýär.

Ýatlap geçsek, ýakynda hödürlenen Apple-iň “Crush” mahabaty köpçüligiň arasynda dürli garaýyşlary döretdi. Onda gidrawliki press dürli sungat we döredijilik predmetlerini ýok edýär we wideonyň ahyrynda täze iPad Pro peýda bolýar. Köp internet ulanyjylary we tanymal adamlar, aýratynam, sazandalar we suratkeşler bu wideony döredijiligiň tehnologiýalar tarapyndan basylyp ýatyrylmagynyň metaforasy hökmünde kabul etdiler, bu hem Apple-iň adyna tankytlaryň gelmegine getirdi. Kompaniýa ötünç sorap, wideonyň telewideniýede görkezilmegini ýatyrmaga mejbur boldy.
Samsung bu mahabata jogap wideosynda Apple-iň mahabatyndan galan döwük zatlaryň arasyndan döwlen gitarany tapýan gyzy görkezýär. Gyz Galaxy Tab S9 Ultra planşetini ulanyp, saz çalýar we şonuň bilen döredijilige hiç bir zadyň päsgel berip bilmejekdigini görkezýär.
Samsung-yň wideosynyň ahyrynda bolsa “Döredijiligi ýok etmek mümkin däl” diýen ýazgy peýda bolýar.


16.05.2026 11:20
4k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

12.05.2026 14:43
7.8k+

Dua Lipa öz suratynyň TW gutularynda ulanylandygy üçin Samsung-dan $15 mln talap etdi

Aýdymçy Dua Lipa Samsung kompaniýasynyň üstünden kazyýete şikaýat edip, öz suratynyň rugsatsyz telewizor gutularynda ulanylandygy üçin azyndan 15 million dollar möçberinde öwez tölegini talap etdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....