Apple sazandalary we suratkeşleri kemsiden iPad Pro-nyň reklamasy üçin ötünç sorady

  • 10.05.2024 21:30
  • 9.3k+

Apple kompaniýasy sosial medialarda güýçli nägileliklere sebäp bolan täze iPad Pro planşetiniň reklama wideosy üçin ötünç sorady diýip, Deadline habar berýär.

Wideoda saz gurallary, fotoapparatlar we sungat esbaplary ýaly zatlary öz içine alýan predmetler gidrawliki pres tarapyndan ýok edilýär. Kompaniýanyň marketologlary ne pianino, ne gitara, ne kitaplara, ne köne oýunjak awtomadyna, ne-de winil plastinkalaryny oýnadýan enjama rehim edipdirler. Bu prosesiň ahyrynda presiň aşagyndaky platformada täze iPad Pro peýda bolýar. Wideo berlen sese görä, planşet mundan öň çykarylanlaryň “iň kuwwatlysy we iň inçesidir”.


Sungat hem döredijilik äleminiň wekilleriniň aglabasy bu reklamany göwne degiji (kemsidiji) diýip hasapladylar, çünki ol ýerde iPad Pro adaty sungatyň “ganhory” hökmünde görkezilýär. Hususan-da, meşhur britan aktýory Hýu Grant wideoda bolup geçýän zatlary “ynsan tejribesiniň ýok edilmegi” diýip atlandyrdy.
Apple hiç kimi kemsitmek niýetiniň ýokdugyny we reklamanyň maksadynyň bary-ýogy täze planşetiň mümkinçiliklerini görkezmekden ybaratdygyny düşündirdi. Kompaniýa wideonyň telewideniýede görkezilmeginiň ýatyrylandygyny habar berdi.
The Verge-iň belläp geçmegine görä, kompaniýa bu wideonyň üsti bilen öňki ýarasyna duz sepdi. 2018-nji ýylda Apple ulanyjylaryň oňaýsyz garaýyşlaryna sebäp bolan wideony çykardy. Ol wideoda planşetleriň we akylly telefonlaryň dünýäsinde ösen çaga: “Kompýuter näme?” diýen soragy berýär.


21.06.2026 21:09
1.1k+

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....