Russiýa Türkmenistanyň üstünden Hindistana barjak konteýner otlusyny ugratdy

  • 07.07.2022 13:13
  • 25131
Russiýa Türkmenistanyň üstünden Hindistana barjak konteýner otlusyny ugratdy

Russiýanyň «RŽD» açyk paýdarlar jemgyýetiniň düzümine girýän «RŽD Logistika» paýdarlar jemgyýeti Russiýadan Hindistana doly düzümli konteýner otlusyny ugratdy. RŽD-niň saýtyna salgylanýan INTERFAX.RU-nyň ýazmagyna görä, otly ilkinji gezek Demirgazyk-Gündogar guryýer ugrunyň gündogar şahasy boýunça Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Eýranyň üstünden geçer. 

Ilkinji otly düzümi Moskwanyň etegindäki Çehow otly menzilinden badalga aldy. Ahyrky barmaly nokady - Nawa-Şewa deňiz gämi duralgasy (Mumbaý, Hindistan). 
Daşaýyş intermodal bolar: ýoluň bir bölegi deňziň üstünden geçer.
Ugruň uzynlygy 8 müň km-dan geçýär, şol ýoly çen bilen 35-37 günde geçiler.
Ugur rus eksportçylaryna haryt ýerleýän bazarlaryny diňe bir Hindistanda, Pars aýlagynyň ýurtlarynda däl, eýsem, Afrikada-da giňeltmäge mümkinçilik berer diýip, RŽD-niň saýtynda aýdylýar. 


düýn 23:59
999

Türkmenistan Astrahanyň portunyň aýratyn ykdysady zolagynda logistika merkezini döredip biler

“Demirgazyk – Günorta” halkara ulag geçelgesini ösdürmegiň çäklerinde Astrahan sebitiniň portunyň aýratyn ykdysady zolagynda logistika toplumyny gurmak meýilleşdirilýär. Bu barada sebitiň gubernatory Igor Babuşkiniň...

düýn 13:28
7372

Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň Başlygynyň orunbasaryny kabul etdi

18-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň Başlygynyň orunbasary hanym Şen Ýueýueni kabul etdi. Döwlet Baştutanymyz iki ýurduň syýasy-durmuş ugurlarynda...

düýn 12:38
14939

Özbegistanyň Türkmenistandaky ilçisi Daşoguzda serhetara söwda zolagyna baryp gördi

Özbegistanyň Türkmenistandaky ilçisi Akmaljan Kuçkarow Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, serhetara türkmen-özbek söwda zolagynyň gurluşyk meýdançasyna baryp gördi. Diplomat Söwda merkeziniň gurluşygynyň...

18.05.2024 17:46
8183

Serdar Berdimuhamedow Konstitusiýa binasyna we Baş baýdaga gül goýmak dabaralaryna gatnaşdy

Şu gün, 18-nji maýda Aşgabatda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň Konstitusiýa binasyna we Baş baýdagyna gül goýmak dabaralary geçirildi diýip, TDH habar berýär. Türkmen edebiýatynyň nusgawy...