Özbegistanyň Türkmenistandaky ilçisi Daşoguzda serhetara söwda zolagyna baryp gördi

  • 19.05.2024 12:38
  • 24k+

Özbegistanyň Türkmenistandaky ilçisi Akmaljan Kuçkarow Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, serhetara türkmen-özbek söwda zolagynyň gurluşyk meýdançasyna baryp gördi. Diplomat Söwda merkeziniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy diýip, UzDaily.uz habar berýär.

Her biri 3 gektar bolan Söwda merkezleriniň - erkin serhetara söwda zolaklarynyň gurluşygy Özbegistanyň Horezm oblastynyň we Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynyň çäklerinde alnyp barylýar. Degişli Hökümetara ylalaşyga 2021-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda gol çekildi.
Daşoguz welaýatynda serhetara türkmen-özbek söwda zolagynda Söwda merkeziniň gurluşygy 2023-nji ýylyň iýul aýynda başlandy, desgany 2025-nji ýylyň iýul aýynda ulanyşa bermek meýilleşdirilýär.
Şular ýaly Söwda merkeziniň gurluşygy Horezm oblastynyň Şawat etrabynyň çäginde hem alnyp barylýar. Gurluşyk işleri Özbegistanyň Prezidentiniň 2024-nji ýylyň 28-nji fewralyndaky kararyna laýyklykda başlandy.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......