Gurbanguly Berdimuhamedow awgustda “Awazada” geçiriljek halkara maslahatynyň guramaçylyk-taýýarlyk işlerini seljerdi

  • 09.07.2025 11:02
  • 12k+

8-nji iýulda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary Balkan welaýatyna bilen ugrady. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri awgust aýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň guramaçylyk-taýýarlyk işlerini seljerdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow Hazaryň kenarynda meýilleşdirilen bu uly halkara çäräniň taýýarlyk derejesi we bu babatda amala aşyrylýan taslamalar bilen tanyşdy.
BMG-niň howandarlygyndaky halkara forum “Awaza” köpugurly sport toplumynda geçiriler. Gurbanguly Berdimuhamedow toplumyň binalarynda we onuň çäginde ähli zerur mümkinçilikleriň döredilmelidigini, merkezi girelgäniň öňünde häzirki zaman tehnologiýalarynyň esasynda döredilen enjamlaryň ornaşdyrylmalydygyny, olarda bolsa halkara maslahata degişli nyşanlaryň göze gelüwli görnüşde ýerleşdirilmelidigini belledi.
Türkmen halkynyň Milli Liderimiz maslahata gatnaşyjylaryň toplumyň çägindäki seýilgähde gezelenç edip bilmekleri, oňaýly dynç almaklary üçin ähli zerur şertleriň göz öňünde tutulmalydygyny nygtady. Şunda myhmanlaryň metbugat maglumatlary bilen tanyşmaklary, özara söhbet etmekleri babatda hem degişli mümkinçilikler göz öňünde tutulmalydyr.
Gurbanguly Berdimuhamedow myhmanlaryň ulaglar bilen üpjünçiligine möhüm üns berilmelidigini aýdyp, häzirki zaman ýolagçy awtobuslarynda halkara çärä degişli ýazgylaryň ýerleşdirilmeginiň ähmiýetli boljakdygyna ünsi çekdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy degişli ugurlara gözegçilik edýän ýolbaşçylaryň halkara foruma taýýarlygyň çäklerinde alnyp barylýan işler baradaky maglumatlary bilen tanyşdy.
Wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygyna laýyklykda işlenip taýýarlanylan şekil taslamalary we maslahata taýýarlygyň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan guramaçylyk işleri barada maglumat berdi.
Çäräniň geçirilýän ýerinde dünýäniň dürli dillerinde degişli ýazgylar, şygarlar göze gelüwli ýagdaýda ýerleşdirilmelidir. Şeýle-de halkara maslahata gatnaşyjylaryň forum bilen baglanyşykly isleg-arzuwlary içgin öwrenilmelidir.
Halk Maslahatynyň Başlygyna görkezilen şekil taslamalarynda halkara foruma taýýarlygyň çäklerinde toplumyň abadanlaşdyrylyş we enjamlaşdyrylyş derejesine, onuň bölümlerinde döredilýän şertlere degişli taslamalar, çyzgylar görkezildi. Şol bir wagtyň özünde toplumyň binalarynyň aýratynlyklary, çäräniň çäklerinde göz öňünde tutulýan duşuşyklaryň, degişli ugurlar boýunça bölümçelerdäki maslahatlaryň geçiriljek otaglarynyň taýýarlyk derejesi barada maglumatlar berildi.
Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz görkezilen taslamalar bilen tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy.
Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri toplumyň binalarynyň enjamlaşdyrylyş derejesi bilen gyzyklandy. BMG-niň howandarlygynda geçiriljek forumda çykyş edýänler, terjimeçiler hem-de forumyň geçişini beýan etjek žurnalistler üçin ähli zerur şertler döredilmelidir. Bu ýerde aragatnaşyk we internet ulgamlarynyň sazlaşykly, bökdençsiz işi ýola goýulmalydyr. Bu babatda meýletinçi-ýardamçylaryň alyp barýan işlerine möhüm ähmiýet berilmelidir. Dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň taýýarlan maglumatlaryny öz ugurlary boýunça iberip bilmekleri üçin zerur mümkinçilikler göz öňünde tutulmalydyr. Şeýle hem binalarda ses-akustika meseleleri ýokary derejede çözülmelidir. Munuň özi forumyň ähli ugurlarynyň halkara giňişlikde doly derejede wagyz edilmegine oňyn täsirini ýetirer. Gahryman Arkadagymyz forumyň köp ugurlary öz içine almalydygyny aýdyp, şunda hiç bir meseläniň ünsden düşürilmezligi babatda degerli maslahatlaryny berdi.
Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow toplumyň foruma gatnaşyjylar üçin niýetlenen naharhanasynda degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda çaý başynda söhbetdeşlik geçirdi. Onuň dowamynda Milli Liderimiz halkara maslahatyň guramaçylyk derejesi, oňa gatnaşýanlaryň özara duşuşyklara we gepleşiklere gatnaşmaklary, forumyň maglumat giňişliginde giňden wagyz edilmegi bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilmelidigini aýtdy we bu babatda öz maslahatlaryny berdi.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary dowam edýär.


düýn 23:10
1.7k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Walentina Matwiýenkony doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi diýip,......

düýn 15:59
996

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy Koreýa Respublikasynyň täze ilçisiniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow 6-njy aprelde Koreýa Respublikasynyň täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Li Won-Jeden ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi diýip,......

düýn 07:30
6.5k+

Bol hasylyň ugrunda: Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk toplumynyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni sanly ulgam arkaly sebitlerde dowam edýän ýazky meýdan işlerine we durmuş-ykdysady maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine bagyşlanan iş maslahatyny......

06.04.2026 23:45
4.5k+

Kabulda «Merkezi Aziýa – Owganystan» konsultatiw dialogynyň ilkinji duşuşygy geçirildi

2026-njy ýylyň 5-nji aprelinde Kabul şäherinde «Merkezi Aziýa – Owganystan» konsultatiw dialogynyň ilkinji mejlisi boldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär....