Ogulgerek Berdimuhamedowa HHR-iň Başlygynyň maşgalasyny Türkmenistana gelip görmäge çagyrdy

  • 18.05.2024 09:39
  • 26k+

17-nji maýda Aşgabatda Maslahat köşgünde “Türkmen-hytaý zenanlarynyň dünýäsi” atly maslahat başlamazdan ozal, ýurdumyza gelen Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary hanym Şen Ýueýue Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa bilen duşuşdy.

Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen we hytaý halklarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän çuňňur taryhy-medeni köklerden gözbaş alýandygy bellenildi. Ogulgerek Berdimuhamedowa geçen ýyl Gurbanguly Berdimuhamedowyň Pekine amala aşyran iş saparynyň ähmiýetine ünsi çekdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň maşgalasy hytaý topragynda bildirilen myhmansöýerligiň ýokary derejesini belläp, hanym Şen Ýueýue bilen Pekinde geçirilen duşuşygy ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy.
Pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa myhmana Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň maşgalasy Pen Liýuana we maşgala agzalaryna mähirli salamyny hem-de Türkmenistana gelip görmek baradaky çakylygy ýetirmek hakyndaky haýyş bilen ýüzlendi we olara iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň agtyjagy geçen ýyl atasy bilen Hytaýda bolan pursatlarynda özüne panda gurjagynyň sowgat berlendigini, onuň özünde uly täsir galdyrandygyny we bu gurjagy ilki şekile geçirendigini hem-de şonuň esasynda keşde taýýarlandygyny aýtdy. Ol myhmandan taýýarlan işini HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň maşgalasyna gowşuryp bermegini haýyş etdi.
Myhman zenan bu täsin sowgat hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň maşgalasyna iberilen çakylyk üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, şu gezekki duşuşygyň özi üçin unudylmajak pursatlara baý bolandygyny aýtdy. Myhman ajaýyp sowgat üçin gyzjagaza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ösüp gelýän nesliň köp zähmeti we sabyrlylygy talap edýän şeýle işi ýerine ýetirmäge başarnygynyň türkmen halkynyň gadymdan gelýän ýörelgeleriniň mynasyp derejede nesilden-nesle geçirilýändiginiň aýdyň güwäsidigini belledi.
Öz gezeginde, hanym Şen Ýueýue hem Ogulgerek Berdimuhamedowa ýadygärlik sowgat gowşurdy.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideriniň maşgalasy agtyjagy Aýjeren bilen hormatly myhmanyň haýyşy boýunça onuň bilen surata düşdi.
Duşuşyk tamamlanandan soňra, Gurbanguly Berdimuhamedowyň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa we Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary Şen Ýueýue “Türkmen-hytaý zenanlarynyň dünýäsi” atly maslahata gatnaşdylar.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......