“Şu ýerde gaplaňa duşdum”: türkmen goraghanalaryna “akylly” patrullama ornaşdyrylýar

  • 18.05.2024 18:33
  • 31k+

Seýrek haýwanlara duşulanda, brakonýerçiligiň yzlaryna gabat gelnende we goraghanalarda bolup geçýän beýleki wakalary wirtual kartada bellige almaga mümkinçilik berýän täze kompýuter programmasy hödürlendi. Bu barada "Нейтральный Туркменистан " gazetindäki makalada aýdylýar.

GIS tehnologiýalaryna esaslanýan täze ulgam hakynda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň we goraghanalaryň işgärleri üçin hem-de wideokonferensiýa görnüşinde Gyrgyzystanyň we Gazagystanyň biodürlülik boýunça hünärmenleriniň hem goşulmagynda geçirilen seminarda ara alnyp maslahatlaşyldy.
Germaniýanyň Halkara Hyzmatdaşlyk Jemgyýetiniň sebitleýin maksatnamasynyň gatnaşmagynda işlenip düzülen bu maksatnama geljekde ýurtda daşky gurşawy goramak üçin standart bolup biljek ýabany tebigat barada maglumatlary elektron görnüşinde jemlemäge mümkinçilik berýär.
Bu maksatnama Köýtendag döwlet goraghanasynda (Lebap welayaty) we Balkan welaýatynyň Daşky gurşawy goramak bölüminde synag edildi. Ol diňe bir haýwanlar bilen duşuşyklary ýazga almak bilen çäklenmän, ulanyjynyň ugruny wirtual görmäge, haýwanlaryň saklanýan ýerini synlamak ýa-da onda işlemek üçin sarp edilen wagty bellige almaga, şeýle hem “kamera duzaklaryndan” maglumat alyş nokatlaryny, güwänamalary, teswirnamalary we beýleki resminamalary saklamaga mümkinçilik berýär.
Şeýle tehnologiýany ulanmak umumy elektroniki “maglumat gaznasyny” döretmäge mümkinçilik berer, bu ýerde ähli goraghanalaryň “gözegçilik žurnallary” döwlet edarasynyň merkezi serwerinde ýerleşer, biri-biri bilen baglanyşykly we doly maglumat bellenen adamlar üçin elýeterli bolar.


03.06.2026 18:04
2.1k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
5.7k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
7.7k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

03.06.2026 15:12
3.9k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......