Türkmenistan Astrahanyň portunyň aýratyn ykdysady zolagynda logistika merkezini döredip biler

  • 19.05.2024 23:59
  • 8.3k+

“Demirgazyk – Günorta” halkara ulag geçelgesini ösdürmegiň çäklerinde Astrahan sebitiniň portunyň aýratyn ykdysady zolagynda logistika toplumyny gurmak meýilleşdirilýär. Bu barada sebitiň gubernatory Igor Babuşkiniň “Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum” forumyndaky beýanyna salgylanyp, TASS habar berýär.

“Örän möhüm taslama Türkmenistandan hyzmatdaşlarymyz bilen aýratyn ykdysady port zolagynyň çäginde ýerleşjek söwda-logistika kompaniýasyny döretmekdir. Bu port mümkinçiliklerimizi ulanyp, ýükleriň üstaşyr geçirilmegi üçin hem uly ähmiýete eýedir” – diýip, Babuşkin aýtdy.

Gubernatoryň metbugat gullugynda logistika merkeziniň çäginde harytlary ammarlara ýerleşdirmegiň, saklamagyň, daşamagyň we satmaga taýýarlamagyň, şeýle-de birža we lomaý söwdanyň göz öňünde tutuljakdygy bellenilýär. Bu taslamanyň netijesinde Türkmenistanyň Russiýadan ýükleri Merkezi Aziýa ýurtlaryna, Owganystana we Pakistana daşamak üçin transport merkezine öwrülmegine garaşylýar.
Portuň aýratyn ykdysady zolagynyň häzirki rezidentleriniň birinji we ikinji tapgyr taslamalary durmuşa geçirmek üçin bellenen maýa goýumlarynyň mukdary 29 mlrd rubla (takmynan, 319 mln dollar) barabar. 


düýn 16:07
1.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.2k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

16.05.2026 09:58
8.3k+

Hytaýda dünýäniň iň uly demir ýol menzili açyldy

Hytaýyň Çunsin şäherinde meýdany boýunça dünýäde iň uly hasaplanýan Gündogar demir ýol menziliniň gurluşygy tamamlandy. Umumy meýdany 1,22 million kwadrat metr bolan bu ägirt uly toplum Hytaýyň ýokary tizlikli......