Minsk şäherinde Türkmenistandan okuwçylaryň gatnaşmagynda GDA-nyň medeni-bilim forumy geçirildi

  • 15.07.2025 11:48
  • 6.1k+

13-nji iýulda Minsk şäherinde (Belarus) Türkmenistanyň wekiliýetiniň gatnaşmagynda «Zubrýonok» atly Milli çagalar bilim we sagaldyş merkezinde «Arkalaşygyň çagalary» atly X Halkara medeni-bilim forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.

Çäräniň guramaçylary hökmünde GDA ýurtlarynyň ynsanperwer hyzmatdaşlygyň döwletara gaznasynyň goldaw bermeginde GDA-nyň Parlament Assambleýasy hem-de Belarusyň Milli ýygnagynyň Respublika geňeşi çykyş etdiler.
Çärä Milli çagalar bilim we sagaldyş merkeziniň direktory T.Osmolowskaýa, Türkmenistanyň Belarusdaky ilçisi N.Şagulyýew, Türkmenistanyň ilçihanasynyň işgärleri, şeýle hem Russiýa, Belarus, Türkmenistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Özbegistan we Ermenistan ýaly ýurtlaryň mekdep okuwçylary gatnaşdylar.


Ilçi N.Şagulýew öz çykyşynda ýaşlara dostluk we medeni köpdürlülige hormat goýmak terbiýesini bermegiň möhümdigini belläp, şeýle başlangyçlaryň Arkalaşygyň ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrjakdygyna ynam bildirdi.
Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýeti Arkalaşygyň ýurtlaryndan gatnaşyjylara ýurduň taryhy, medeniýeti, däp-dessurlary we parahatçylyk söýüjilikli syýasaty barada maglumat berdi, şeýle hem senetçilik, haly, aýdym-saz we tans ýaly milli mirasyň nusgalaryny görkezdi.
Şeýle hem forumyň çäginde Türkmenistanyň baý taryhy we medeni mirasyny we gazananlaryny görkezýän ýörite surat sergisi we wideo materiallaryň görkezilşi guraldy.


şu gün 13:44
1k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

şu gün 07:42
1.1k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 18:54
4.2k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

08.06.2026 17:39
2.1k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....