Serdar Berdimuhamedow Konstitusiýa binasyna we Baş baýdaga gül goýmak dabaralaryna gatnaşdy

  • 18.05.2024 17:46
  • 9.7k+

Şu gün, 18-nji maýda Aşgabatda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň Konstitusiýa binasyna we Baş baýdagyna gül goýmak dabaralary geçirildi diýip, TDH habar berýär.

Türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda umumymilli baýramlar aýratyn giň gerimi bilen tapawutlanýar. Döwlet Baştutanynyň öňdengörüjilikli parasatly ýolbaşçylygynda döwrüň möhüm meseleleriniň çözülmegine gönükdirilen başlangyçlar durmuşa geçirilýär. 

Ýurdumyzyň baş döwlet nyşanlary bolmak bilen, täze taryhy eýýamda Esasy Kanunymyz we ýaşyl Tugumyz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň hem-de özbaşdaklygynyň mizemez esaslaryny özünde jemläp, halkymyzyň bitewiligini, jebisligini, parahatçylyk, döredijilik, ynsanperwerlik, ýagşylyk taglymlaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny alamatlandyrýar. 


düýn 22:17
1.2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
3.8k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......