Bloomberg: dünýäniň iň baý adamlary 2022-nji ýylyň birinji ýarymynda $1,4 trln ýitirdi

  • 03.07.2022 18:10
  • 10k+

Dünýäniň iň baý 500 adamy 2022-nji ýylyň birinji ýarymynda $1,4 trln ýitirdi, bu hem taryhyň dowamynda milliarderleriň baýlygynyň iň uly azalmasy boldy. Bu barada Bloomberg agentligi habar berýär diýip, TASS belleýär.

Onuň maglumatlaryna görä, Tesla kompaniýasynyň eýesi Ilon Maskyň baýlygy tas $62 mlrd azaldy. Amazon-y esaslandyryjy Jeff Bezos $63 mlrd ýitirdi. Birinji ýarymýyllykda Meta-nyň başlygy Mark Sukerbergiň hususy kapitaly bolsa ýarysyndan azaldy.
Milliarderleriň baýlygynyň şeýle azalmasy hökümetleriň we merkezi banklaryň koronawirus pandemiýasy başlandan soň görlüp-eşidilmedik çäreleri girizmeginiň esasynda iň baý adamlaryň girdejileriniň ýokarlanan soňky iki ýylyndaky ýagdaýa ters gelýär diýip, Bloomberg belleýär.
Şeýle-de bolsa, dünýäniň iň baý adamlary reýtinglerde öz orunlaryny saklaýarlar. Mask $208,5 mlrd bilen henizem birinji orunda. Bezos $129,6 mlrd bilen ikinji orny eýeleýär. Üçünji orunda $128,7 mlrd baýlygy bilen Fransiýanyň iň baý adamy we LVMH toparynyň prezidenti Bernar Arno ýerleşýär, onuň yzyndan $114,8 mlrd bilen Microsoft kompaniýasyny esaslandyryjy Bill Geýts gelýär. Häzirki wagtda diňe şular $100 mlrd-dan ýokary baýlyga eýe. Ýylyň başynda bu sanawa 10 adam girýärdi. 


12.06.2026 13:09
9.1k+

Ilon Mask dünýäniň ilkinji trillioneri boldy: häzirlikçe diňe kagyz ýüzünde

Ilon Mask taryhda şahsy kapitalynyň möçberi 1 trillion dollardan geçen ilkinji adam boldy. «Reuters» habarlar agentliginiň mälim etmegine görä, bu SpaceX kompaniýasynyň paýnamalaryny Nasdaq biržasynda ilkinji......

17.05.2026 09:49
2.4k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

10.05.2026 12:04
1.4k+

Mask Anthropic bilen ylalaşyk baglaşandan soň, xAI-niň aýratyn kompaniýa hökmünde ýapylýandygyny yglan etdi

Emeli aň işläp düzmek bilen meşgullanýan xAI kompaniýasy aýratyn gurluş hökmünde ýapylyp, SpaceX-iň AI bölümine öwrüler. Bu barada kompaniýanyň eýesi Ilon Mask X sosial media platformasynda habar berdi....

27.04.2026 23:00
2.5k+

Kazyýet Maskyň OpenAI-a garşy talaplarynyň bir bölegini ret etdi, kazyýet işi dowam edýär

Kazyýet Ilon Maskyň OpenAI kompaniýasyna we onuň esaslandyryjylaryndan biri bolan Sem Altmana garşy bildiren "kezzapçylyk" aýyplamalaryny ret etdi, emma beýleki aýyplamalar boýunça derňew işleri dowam eder. Bu......