Bloomberg: dünýäniň iň baý adamlary 2022-nji ýylyň birinji ýarymynda $1,4 trln ýitirdi

  • 03.07.2022 18:10
  • 10k+

Dünýäniň iň baý 500 adamy 2022-nji ýylyň birinji ýarymynda $1,4 trln ýitirdi, bu hem taryhyň dowamynda milliarderleriň baýlygynyň iň uly azalmasy boldy. Bu barada Bloomberg agentligi habar berýär diýip, TASS belleýär.

Onuň maglumatlaryna görä, Tesla kompaniýasynyň eýesi Ilon Maskyň baýlygy tas $62 mlrd azaldy. Amazon-y esaslandyryjy Jeff Bezos $63 mlrd ýitirdi. Birinji ýarymýyllykda Meta-nyň başlygy Mark Sukerbergiň hususy kapitaly bolsa ýarysyndan azaldy.
Milliarderleriň baýlygynyň şeýle azalmasy hökümetleriň we merkezi banklaryň koronawirus pandemiýasy başlandan soň görlüp-eşidilmedik çäreleri girizmeginiň esasynda iň baý adamlaryň girdejileriniň ýokarlanan soňky iki ýylyndaky ýagdaýa ters gelýär diýip, Bloomberg belleýär.
Şeýle-de bolsa, dünýäniň iň baý adamlary reýtinglerde öz orunlaryny saklaýarlar. Mask $208,5 mlrd bilen henizem birinji orunda. Bezos $129,6 mlrd bilen ikinji orny eýeleýär. Üçünji orunda $128,7 mlrd baýlygy bilen Fransiýanyň iň baý adamy we LVMH toparynyň prezidenti Bernar Arno ýerleşýär, onuň yzyndan $114,8 mlrd bilen Microsoft kompaniýasyny esaslandyryjy Bill Geýts gelýär. Häzirki wagtda diňe şular $100 mlrd-dan ýokary baýlyga eýe. Ýylyň başynda bu sanawa 10 adam girýärdi. 


düýn 15:29
5.6k+

Ilon Maskyň baýlygy 850 mlrd dollardan geçdi: Ol eýýäm şu ýyl dünýäde ilkinji trillioner bolup biler

Ilon Mask maliýe rekordlaryny täzeden ýazýar. Onuň umumy baýlygy 852 milliard dollara ýetdi we ol kapitaly 800 milliarddan aşan dünýädäki ilkinji ynsan boldy. Bu duýdansyz ösüş SpaceX we xAI kompaniýalarynyň birleşmegi netijesinde ýüze çykdy...

03.02.2026 20:11
2.5k+

Ilon Mask özüniň SpaceX we xAI kompaniýalarynyň birleşýändigini yglan etdi

​Amerikaly telekeçi Ilon Mask özüniň SpaceX kosmos kompaniýasynyň we emeli aň ulgamyndaky xAI startap kompaniýasynyň birleşýändigini yglan etdi, diýlip SpaceX saýtynda habar berilýär. ​Işewüriň aýtmagyna görä, iki kompaniýanyň birleşmegi bir wagtda emeli aň, raketagurluşyk, internet hyzmatlaryny hödürlemek we sosial media bilen meşgullanyp biljek «innowasion maşynyň» peýda bolmagyna getirer...

02.02.2026 10:53
2.6k+

FT: ABŞ-nyň ösen kompaniýalary emeli aň zerarly 52 müň işgäri işden çykarmaga taýýarlanýar

ABŞ-nyň iri kompaniýalary emeli aň tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagy we zähmet bazaryndaky ösüşiň haýallamagy sebäpli 52 müňe golaý işgäri azaltmagy meýilleşdirýärler. Bu barada Financial Times neşiri habar berýär...

31.01.2026 14:33
7.3k+

Ilon Maskyň üç kompaniýasynyň birleşmek mümkinçiligi maslahatlaşylýar

SpaceX kompaniýasy Ilon Maskyň beýleki kompaniýalary bolan xAI ýa-da Tesla bilen birleşmek mümkinçiligini maslahatlaşýar diýip, Reuters agentligi habar berýär. Gepleşikler şu ýyla meýilleşdirilen paýnamalaryň ilkinji gezek köpçülige hödürlenmegine (IPO) taýýarlyk görülýän wagty geçirilýär...