Türkmenistanyň biržasy: bir hepdede 167 geleşik hasaba alyndy

  • 18.04.2022 15:14
  • 5.5k+

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 167-si hasaba alyndy. Olaryň umumy bahasy ABŞ-nyň 69 million dollaryna golaý boldy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Beýik Britaniýanyň, Singapuryň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Owganystanyň işewürleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, suwuklandyrylan gazy, gidroarassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar. Türkiýäniň hem-de Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmengaz” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, Özbegistanyň we Owganystanyň işewürleri bolsa “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polietileni satyn aldylar. Bulardan başga-da, Türkiýäniň we Gyrgyzystanyň telekeçilerine daşary ýurt puluna tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümler hem-de nah ýüplük ýerlenildi. 
Gazagystanyň telekeçileri manat serişdelerine bahasy 567 müň manada deň bolan nah ýüplügi satyn aldylar.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin bahasy ABŞ-nyň 99 müň 400 dollaryna barabar nah ýüplügi hem-de “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen, umumy bahasy 160 million manada golaý ýokary dykyzlykdaky polietileni we polipropileni, şeýle-de el halylaryny satyn aldylar.


şu gün 11:05
2.3k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......

düýn 20:55
2.5k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

düýn 08:04
6.6k+

Dünýäde hatardan çykan her üç gäminiň biri Hindistanda gaýtadan işlenildi

Hindistan köne gämileri gaýtadan işlemek boýunça dünýäde birinji orna geçdi. BMG-niň Söwda we ösüş boýunça geňeşiniň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda ulanyşdan aýrylan we gaýtadan işlemäge ugradylan......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......