31-nji martda Türkmenistanda garaşylýan howa maglumaty

31-nji martda Türkmenistanda garaşylýan howa maglumaty

TmCars.info Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň 31-nji martda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatyny siziň dykgatyňyza ýetirýär.

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +7... +9°, gündizine +21... +23° maýyl bolar. Howanyň basyşy 741 mm, çyglylygy 25 — 45%.

Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gijesine +6... +11°, gündizine +18... +23°, kenarýaka etraplarynda +13... +18° maýyl bolar.
Türkmenbaşy şäherinde: howa +13... +15°.
Awazada: howa +15... +17°.
Balkanabat şäherinde: howa +21... +23°.

Ahal welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gijesine +5... +10°, gündizine +20... +25°.
Änew şäherinde: howa +22... +24°.
Tejen şäherinde: howa +23... +25°.

Mary welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gijesine +4... +9°, gündizine +21... +26° maýyl bolar.
Mary şäherinde: howa +23... +25°.
Baýramaly şäherinde: howa +24... +26°.

Lebap welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gijesine +4... +9°, gündizine +19... +24°.
Türkmenabat şäherinde: howa +21... +23°.
Kerki şäherinde: howa +22... +24°.

Daşoguz welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gijesine +2... +7°, gündizine +15... +20° maýyl bolar.
Daşoguz şäherinde: howa +18... +20°.
Köneürgenç şäherinde: howa +17... +19°.