Si Szinpin telefon arkaly Serdar Berdimuhamedowy täze wezipesi bilen gutlady

  • 17.03.2022 09:38
  • 5.6k+

16-njy martda Türkmenistanyň häzirki Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň häzirki Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 12-nji martda ýurdumyzda geçirilen döwlet Baştutanynyň saýlawlary baradaky meselä degip geçdi.

Türkmen Lideri merkezi saýlaw toparynyň yglan eden ählihalk ses bermegiň jemlerine görä, Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanandygyny belläp, mundan beýläk işini Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesinde dowam etjekdigini belledi.

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy türkmen döwletiniň saýlanan Baştutanyny Prezident saýlawlarynda gazanan ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlap, oňa bu jogapkärli wezipede uly üstünlikleri arzuw etdi. Türkmenistanyň saýlanan Prezidenti gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin HHR-iň Baştutanyna tüýs ýürekden hoşallygyny bildirip, Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan daşary syýasat ugruny dowam etdirmäge, Hytaý bilen köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, şeýle hem türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny ösdürmek we giňeltmek boýunça teklipleri hem-de başlangyçlary hemmetaraplaýyn goldamaga taýýardygyny tassyklady.

Söhbetdeşligiň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlarda üstünlikli ösdürilýän döwletara hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti nygtaldy. Biziň ýurtlarymyz pudaklaryň giň toplumy boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýdular. Köp ýyllaryň dowamynda Hytaý Türkmenistanyň iri söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar.


düýn 19:38
1.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
880

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......