Бердымухамедов провёл расширенное заседание Правительства с участием руководителей дипслужб

  • 11.12.2021 23:07
  • 3.2k+

10-njy dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, däp bolşy ýaly, Täze ýylyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik we konsullyk edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de beýleki käbir ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine döwletimiziň alyp barýan daşary we içeri syýasaty bilen bagly käbir meseleler girizildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow her ýyl dekabr aýynda diplomatik gullugyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilýän Hökümetiň giňişleýin mejlisiniň türkmen Lideriniň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlaryna, döwrüň möhüm meselelerini düýpli seljermäge hem-de öňde durýan işlere degişli anyk tabşyryklara ünsi jemlemäge mümkinçilik berýändigini nygtady.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan uzak möhletleýin milli maksatlara we dünýä jemgyýetiniň bähbitlerine laýyk gelýän daşary syýasat ýörelgesini durmuşa geçirip, sebitleýin we global ösüş işine anyk goşandyny goşýar. Şu güne çenli Türkmenistanyň BMG-de 17 sany dürli ugurlardaky Rezolýusiýany öňe sürendigi we olaryň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan biragyzdan kabul edilendigi bellenildi. Biziň ýurdumyz 6 gezek Baş Assambleýanyň Başlygynyň orunbasarlygyna saýlanyldy. Beýleki halkara birleşikler bilen hyzmatdaşlyk işjeň ösýär, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň gerimi giňeýär. Bu gün ýurdumyz 49 sany halkara guramalarda mynasyp wekilçiligi alyp barýar, dünýäniň 40 döwletinde ilçihanalarymyz, konsullyklarymyz we wekilhanalarymyz açyldy we olar öz wezipelerini ýerine ýetirýärler.

Raşid Meredow öz çykyşynda türkmen diplomatlarynyň öňlerinde goýlan möhüm wezipeleri çözmek üçin ähli tagallalary edip, Watan öňündäki borçlaryny mundan beýläk-de gyşarnyksyz ýerine ýetirjekdiklerine ynandyrdy.


вчера 11:41
3.2k+

Туркменистан и Малайзия закрепили договоренности соглашениями

По итогам переговоров в узком и расширенном составах президент Туркменистана Сердар Бердымухамедов и премьер-министр Малайзии Анвар Ибрахим подписали совместное заявление, подтверждающее приверженность......

вчера 11:35
3.1k+

Прошли переговоры между президентом Туркменистана и премьер-министром Малайзии

19 июня в Ашхабаде состоялись двусторонние переговоры между президентом Туркменистана Сердаром Бердымухамедовым и премьер-министром Малайзии Анваром Ибрахимом, прибывшим накануне с официальным визитом. Об этом......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Посол Туркменистана в Малайзии назначен также послом в Брунее

Президент Туркменистана Сердар Бердымухамедов подписал указ о назначении посла Туркменистана в Малайзии Мухамметнияза Машалова одновременно чрезвычайным и полномочным послом Туркменистана в Государстве......

19.06.2026 08:05
3.6k+

Премьер-министр Малайзии прибыл с официальным визитом в Туркменистан

18 июня в Туркменистан с официальным визитом прибыл премьер-министр Малайзии Анвар Ибрахим. В рамках поездки в Ашхабаде запланированы переговоры, посвящённые дальнейшему развитию двустороннего сотрудничества,......