Türkmenistanda 15-21-nji noýabrda garaşylýan howa maglumaty

  • 14.11.2021 23:10
  • 15k+

Gelýän hepdäniň başynda Türkmenistanyň welaýatlarynyň aglabasynda ýagşyň ýagmagyna we güýçli şemalyň öwüsmegine garaşylýar. Kä ýerlerde şemalyň tizligi sekuntda 21 metre ýeter. Daşoguz welaýatynda garyň ýagmagy ahmal. Ýurduň çäginde howanyň ortaça temperaturasy +9,6 gradus bolar.
TmCars.info geljek hepde ýurdumyzda garaşylýan howanyň ýagdaýy barada meteorologlaryň berýän çaklamasyny dykgatyňyza ýetirýär.

Aşgabatda we Ahal welaýatynda duşenbe güni howanyň +14 gradusa çenli gyzmagyna garaşylýar. Sişenbe güni tizligi sekuntda 21 metre ýetýän güýçli şemalyň öwüsmegine garaşylýar, az-kem ýagyş ýagmagy ahmal. Çarşenbeden anna gününe çenli howanyň temperaturasy +8 gradusa düşer. Dynç günleri az-kem maýyl bolar: şenbede — +10, ýekşenbe güni — +14 gradus.

Balkan welaýatynda duşenbe güni +15 gradus bolar. Sişenbede howanyň +10 gradusa çenli aşaklamagyna, şeýle hem tizligi sekuntda 19 metre ýetýän güýçli şemalyň öwsüp, az-kem ýagyş ýagmagyna garaşylýar. Çarşenbe güni +8 gradusa çenli aşaklandan soň, howanyň ýene-de maýlap başlamagyna garaşylýar. Eýýäm penşenbe güni +10, annada — +12 gradus bolar. Dynç günleri +11-den +14 gradusa ýetýän howa bolar.

Daşoguz welaýatynda duşenbe güni howanyň temperaturasy +8 gradus bolar. Sişenbede az-kem ýagyş ýagyp, tizligi sekuntda 17 metre ýetýän güýçli şemalyň öwüsmegi mümkin. Çarşenbe güni ýagyş gatyşykly gar ýagyp, howanyň temperaturasynyň +4 gradusa düşmegi mümkin. Penşenbe we anna günleri +5 gradus bolar. Şenbede +3 gradusa düşüp, ýekşenbe güni +8 gradusa çenli ýokarlanar.

Mary welaýatynda hepdäniň başynda +15 gradus bolmagyna garaşylýar. Sişenbe güni tizligi sekuntda 15 metre ýetýän güýçli şemalyň öwüsmegi we az-kem ýagyş ýagmagy ahmal. Çarşenbe güni +7 gradus bolar. Penşenbe we anna günleri +9 gradus, şenbe we ýekşenbe günleri +10 gradus bolar.

Diňe Lebap welaýatynda güýçli şemalyň öwüsmegine we ýagşyň ýagmagyna garaşylmaýar. Duşenbede howanyň temperaturasy +12 gradusa ýeter. Sişenbede +15 gradus bolar. Çarşenbeden şenbe aralygynda +7 gradus bolar. Ýekşenbe güni howanyň +12 gradusa barmagyna garaşylýar.


12.09.2025 13:02
5.3k+

“Hana” söwda merkezi öý, ofis üçin hojalyk tehnikalaryny we mebelleri hödürleýär

Aşgabatda G.Kuliýew (Obýezdnoý) köçesiniň ugrunda ýerleşýän “Hana” söwda merkezi öý, ofis, bag, howly üçin niýetlenen harytlaryň giň toplumyny hödürleýär. Söwda merkezinde ýokary hilli gurluşyk harytlaryndan başlap, sargyt esasynda mebelleri, aýna-gapylary ýasap bermek ýaly hyzmatlar amatly bahadan hödürlenilýär...

04.09.2025 13:11
52k+

“Maraton” dükany 7 ýyllygy mynasybetli ähli aýakgaplaryna 40% - 50% arzanladyş aksiýasyny geçirýär

Iş, sport, gündelik gezelençler, umuman, durmuşyň ähli pursatlary üçin dünýä belli brendleriň erkeklere, aýallara we çagalara niýetlenen aýakgaplaryny hödürleýän “Maraton” dükanyna 7 ýyl dolýar. Şu mynasybetli “Maraton” dükanlarynyň ählisinde aýakgaplara uly arzanladyş aksiýalary geçirilýär...

01.09.2025 19:16
10k+

Siz nähili kofe isleýärsiňiz? NesilCoffee islendik adamyň göwnünden turjak önümlerini hödürleýär

Dünýäde her günde millionlarça adam ertirini kofe bilen başlaýar. Haýsy hem bolsa bir işe täze güýç bilen başlamaly bolnanda, güýç we ylham beriji içgi hökmünde kofe içilýär. Kofe häzirki güne çenli taryhyň aýrylmaz bir bölegine öwrülipdir...

19.08.2025 14:49
167k+

Çagany näme üçin CuriooKids-e bermeli? Okuw merkeziniň aýratynlyklary

CuriooKids — bu halkara okuw merkezleri bolup, çagalar we ýetginjekler üçin goşmaça okuw maksatnamalaryny hödürleýär. Brendiň esasy wezipesi – okuwçylary geljek üçin taýýarlamak, olara döredijilikden, tankydy pikirlenmekden, aragatnaşykdan we hyzmatdaşlykdan ybarat möhüm başarnyklaryny ösdürmeklerine goldaw bermekden ybarat...