Минздрав Туркменистана опроверг информацию некоторых СМИ о полиомиелите в стране

  • 14.07.2021 17:18
  • 28k+

Soňky döwürde Russiýanyň käbir KHBS-i Türkmenistanda ýokanç keseller, aýratyn-da, poliomielit bilen baglanyşykly hakyky ýagdaýlary düýbünden ýoýýarlar. Ýagny, 2021-nji ýylyň 12-nji iýulynda RBK teleýaýlymynyň efirinde Russiýanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň ýokanç keseller boýunça ştatdan daşary hünärmeni, RMANPO-nyň wirusologiýa kafedrasynyň müdiri, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Ýelena Malinnikowa bilen geçirilen söhbetdeşlik görkezildi. Onda Türkmenistanda poliomielite degişli hakykata bütinleý laýyk gelmeýän maglumatlar berildi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy beýanat bilen çykyş etdi. Onda söhbetdeşlikde berlen maglumatlaryň ýurtdaky ýokanç keseller bilen bagly hakyky ýagdaýa hiç hili gatnaşygynyň ýokdugy aýdylýar.
Şol sebäpli hem, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy ýokarda agzalan ýaýlymyň materiallaryny real durmuşyň delillerini seljermezden nädogry maglumatlara esaslanyp taýýarlaýandygyna aladalanmasyny bildirýär. Hiç hili esassyz habarlaryň ýaýramagynyň durnuksyz we sagdyn däl jemgyýetçilik pikiriniň döremegine getirýändigini belläsimiz gelýär.
Belli bolşy ýaly, Türkmenistanda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurduň ilatynyň saglygyny we arassaçylyk-epidemiologiki abadançylygyny üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan oýlanyşykly, ylmy esasly we maksadalaýyk syýasatyň esasynda ýokanç keselleriň, şol sanda poliomielitiň öňüni almak boýunça köptaraplaýyn toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär.
Mundan 30 ýyldan gowrak wagt ozal Türkmenistan BSGG-niň “Poliomieliti global ýok etmek” başlangyjyna işjeň goldaw berdi. Köpýyllyk toplumlaýyn işleriň netijesinde 2002-nji ýylda Türkmenistan Ýewropa sebitiniň ýurtlarynyň hatarynda ýabany poliowiruslaryň ýaýramagynyň togtadylandygy barada tassyknama aldy.
Häzirki wagtda hereket edýän direktiw resminamalara laýyklykda, Türkmenistanda ýabany poliowirusyň getirilmeginiň we onuň ýurtda ýaýramagynyň öňüni almak üçin ähli zerur tagallalar edilýär.
Güman edilýän poliomielit ýagdaýlaryny ir ýüze çykarmak we wagtynda barlaghana wirusologiki barlaglaryny geçirmek üçin ýiti gowuşgynsyz ysmaz keseline epidemiologiki gözegçiligi güýçlendirmek we alyp barmak boýunça ähli gaýragoýulmasyz çäreler görülýär.
Mundan başga-da, ýurtda öňüni alyş, şol sanda poliomielite garşy kepillendirilen ýokary sanjym derejesi bilen durnukly immunizasiýa ulgamy ýola goýuldy. Sanjym işi BSGG tarapyndan saýlanan we “sowuk zynjyryň” ähli talaplarynyň berjaý edilmegi bilen sanjym ammarlarynda saklanýan ýokary hilli sanjymlar bilen amala aşyrylýar.
Häzirki wagtda bir ýaşa çenli çagalara poliomielite garşy immunizasiýa iki görnüşli sanjym bilen geçirilýär – agyz arkaly iki walentli sanjym we hereketsizlendirilen poliomielit sanjymy.
Köp ýyllardan bäri ýurduň ähli sebitara çäklerinde BSGG tarapyndan maslahat berilýän maksatly görkezijilere ýetmek we saklamak arkaly ýurtda poliomielite garşy immunizasiýa gurşawynyň ýokary derejesi we ýiti gowuşgynsyz ysmaz keseline epidemiologiki gözegçiligiň ýokary hili saklanýar.
Türkmenistan poliomielitden azat çäkler derejesini saklamak üçin hem milli, hem sebit derejesinde ähli tagallalary edýär.

Şeýle hem okap bilersiňiz:
TDIM-niň Metbugat gullugy türkmen-owgan serhedi bilen bagly berilýän habarlary ret etdi


сегодня 10:15
998

В Японии заявили о пользе вождения машины с «механикой» для борьбы с деменцией

Вождение автомобилей с механической коробкой передач может снижать риск возрастных когнитивных расстройств у пожилых водителей. К такому выводу пришли исследователи под руководством профессора Рюты Кавашимы из......

вчера 07:09
2.4k+

Учёные разработали игру для диагностики депрессии

Учёные из Медицинского центра Лангон Хелс при Нью-Йоркский университет разработали компьютерную игру, которая позволяет диагностировать депрессию за несколько минут. Ее точность сопоставима с клиническими......

24.05.2026 23:22
2.8k+

Учёные обнаружили онкогенные вирусы в сточных водах: теперь их можно отслеживать

Исследователи впервые смогли одновременно выявить в сточных водах все основные вирусы, связанные с развитием злокачественных опухолей. Авторы работы считают, что это открывает новые возможности для мониторинга......

23.05.2026 21:04
2k+

The Lancet: почти 1,2 млрд человек в мире страдают психическими расстройствами

Число диагностированных психических расстройств в мире с 1990 по 2023 год выросло на 95,5%, а общее количество таких случаев достигло 1,17 млрд. Такие данные опубликованы в авторитетном медицинском журнале The......