TDIM-niň Metbugat gullugy türkmen-owgan serhedi bilen bagly berilýän habarlary ret etdi

  • 11.07.2021 21:59
  • 28k+

Soňky günlerde rus köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tarapyndan türkmen-owgan serhedindäki ýagdaýa gatnaşykda barlanylmadyk we ygtybarly bolmadyk habarlar ýaýradylýar. Hususan-da, RBK (РБК) teleýaýlymy tarapyndan, göýä Türkmenistanyň Owganystan bilen serhedine harby tehnikasyny we artileriýasyny çekýändigi babatyndaky hakykata laýyk gelmeýän maglumat ýaýradyldy, bu bolsa ýeňil şöhrata kowalaşylan wagtynda galp habardan başga zady aňladýan däldir diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Metbugat gullugy rus habar beriş serişdeleriniň maglumatlaryny ret edýän habary mälim edýär.

mfa.gov.tm saýtynda bellenilişi ýaly, iki goňşy döwletiň we olaryň halklarynyň doganlyk gatnaşyklarynyň netijesinde türkmen-owgan serhedi dostluk hem-de hyzmatdaşlyk serhedi bolup durýandyr. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň berýän habarlaryna laýyklykda, onuň garamagyndaky harby bölümçeler, olaryň şahsy düzümi hem-de harby tehnikasy hemişelik hereket edýän ýerinde ýerleşen bolup, göz öňünde tutulan maksatnama laýyklykda meýilnamalaýyn okuw taýýarlygynyň ýerine ýetirilmegini dowam edýärler.
Türkmen tarapy media-giňişliginde hakykata laýyklygyň we dogruçyllygyň beýan edilmegine, diňe barlanylan şeýle-de hemmetaraplaýyn ynanyp boljak maglumatlaryň ýaýradylmagyna ygrarlydyr we muňa gyşarnyksyz ygrarlylygyny saklaýandyr. Bu halkara meseleleriniň birnäçe aýratynlyklarynyň, şol sanda Owganystandaky ýagdaýlaryň parahatçylykly kadalaşdyrylmagynyň meseleleriniň derwaýys häsiýete eýe bolýan häzirki zaman şertlerde aýratyn wajyp bolup durýandyr. Türkmenistan köp jepany başdan geçiren owgan topragynda parahatçylygyň dikeldilmeginde syýasy-diplomatik gurallarynyň we serişdeleriniň gözlenilmegi hem-de durmuşa geçirilmegi ugrunda çykyş edýändir.


şu gün 17:31
42

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

şu gün 15:39
627

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

düýn 16:07
2.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....