Awstraliýanyň gaýalarynda dünýäniň iň kiçi haltaly jandarlarynyň täze görnüşi tapyldy

  • düýn 23:45
  • 473

Kwinslend tehnologiýa uniwersitetiniň alymlary «Planigale petrophila» diýlip atlandyrylan haltaly haýwanlaryň täze görnüşini giňişleýin häsiýetlendirdi.

Geçirilen barlaglaryň barşynda hünärmenleriň uzak wagtlap planigalalaryň birnäçe dürli görnüşini ýalňyşlyk bilen bir görnüşe birleşdirip gelendikleri mälim boldy. Täze tapylan haýwanjyk bolsa özboluşly anatomiýa aýratynlyklaryna eýe bolup, Kakadu milli seýilgähiniň çägindäki gaýaly ýerlerde ýaşaýar.

Şeýle netijä gelmek üçin işiň awtorlary muzeýlerde saklanýan bar bolan nusgalary öwrenip, toparlara bölünişigi giňişleýin ýagdaýda täzeden gözden geçirdi. Bu bolsa olara Kimberli sebitindäki planigalalara özbaşdak görnüş statusyny gaýtaryp bermäge, kiçi görnüşleriň biriniň klassifikasiýasyny düzetmäge we täze görnüşi gutarnykly berkitmäge mümkinçilik berdi.

Bu haýwan özüniň latyn dilindäki adyny edil şol daşly landşafta baglylygy sebäpli aldy. Eger bu täze tapylan görnüşi öz urugdaşlary bilen deňeşdirsek, bu planigala has uzyn guýrugy, şeýle hem bedeniniň we kelleçanagynyň ölçegleriniň biraz ululygy bilen tapawutlanýar.

Umuman alanyňda, planigalalar planetada iň kiçi haltaly haýwanlar statusyny saklap gelýär: olar adamyň aýasyna arkaýyn sygýar, agramy bolsa bary-ýogy birnäçe grama barabardyr.

Şeýle ujypsyz ölçeglerine garamazdan, bu jandarlar hakyky ýyrtyjylardyr. Olar, esasan, möýler, mör-möjekler we kyrkaýaklar bilen iýmitlenýär. Mundan başga-da, olar öz ululygy boýunça özlerinden pes bolmadyk awlara, meselem, uly saçakçylara we hažžyklara hem hüjüm edip bilýär.

Häzirki günde bu görnüş ylym üçin syr bolmagynda galýar. Gözlegçileriň ygtyýarynda tekizligiň örän çäklendirilen meýdanynda tapylan «Planigale petrophila» görnüşiniň diňe üç sany jandary baradaky maglumatlar bar. 2004-nji ýyldan bäri alymlara bu kiçijik ýyrtyjylar bilen täze duşuşyklary hasaba almak başartmady.


18.06.2026 22:32
4.8k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

16.06.2026 23:05
2.8k+

Haýwanlaryň we adamlaryň aragatnaşygynda meňzeşlik ýüze çykaryldy

Ženewa uniwersitetiniň, Paster institutynyň we reConnect barlag merkeziniň alymlary haýwanlaryň köpüsiniň birmeňzeş depginde ses alyşýandygy baradaky netijä geldi. Ylmy işiň netijeleri «PLOS Biology»......

08.06.2026 10:16
7.7k+

Awstraliýada bahasy 200 müň dollar bolan 100 müňden gowrak ekzotik saçakçy ele salyndy

Awstraliýanyň Täze Günorta Uels ştatynda howpsuzlyk gullugynyň işgärleri umumy bahasy takmynan 200 müň dollar bolan 100 müňden gowrak janly ekzotik saçakçyny ele saldylar. Bu barada The Guardian gazeti habar......

04.06.2026 01:26
17k+

Awstriýada goýunlar üçin «sowut» ýasaldy: möjekden goranmagyň adatdan daşary usuly

Awstriýanyň Karintiýa sebitiniň ýaşaýjysy goýunlar üçin daşy tikenli gorag lybasyny oýlap tapdy. Bu lybas böriler hüjüm edende malyň heläk bolmak howpuny azaltmalydyr. Emma bu oýlap tapyş haýwanlary......