NASA Artemis II missiýasynda düşürilen 12 müňden gowrak surata elýeterlilik açdy

  • 07.05.2026 07:16
  • 1.6k+

NASA Aýyň daşyndan aýlanmak boýunça amala aşyrylan «Artemis II» missiýasy wagtynda düşürilen suratlaryň doly arhiwini çap etdi.

Jemi 12 217 sany surat elýeterli bolup, olaryň agramly bölegi ozal hiç ýerde çap edilmändir. Suratlaryň ählisi ýokary durulykda hödürlenýär.

«Artemis II» missiýasy soňky 50 ýyldan gowrak wagtyň içinde Aýyň ýüzüne gonmazdan, onuň daşyndan amala aşyrylan ilkinji dolandyrylýan uçuş boldy. Aprel aýynyň başynda dört sany astronawt «Space Launch System» raketasynyň kömegi bilen «Orion» gämisinde älem giňişligine ugradyldy.

Orbita çykanyndan soň, güýçlendiriji blok gämini Aýyň daşyndan aýlanmak traýektoriýasyna çykardy. Uçuşy tamamlap, «Orion» sagatda takmynan 40 müň kilometr tizlik bilen Ýeriň atmosferasyna girdi. Kapsula Ýuwaş ummanyna gondy we ol ýerde ekipažy halas ediş gulluklary garşylady. Tutuş missiýa 10 gün dowam etdi.

Häzirki wagtda NASA indiki — «Artemis III» missiýasyna taýýarlyk görýär, ol hem Aýyň ýüzüne gonmagy göz öňünde tutmaýar. «Apollon» döwründen bäri ynsanyň Aýyň ýüzüne ilkinji gezek aýak basmagy 2028-nji ýylyň başynda «Artemis IV» missiýasynyň çäginde meýilleşdirilýär. Şol ýylyň ahyrynda bolsa «Artemis V» ekspedisiýasyna garaşylýar. Bu bolsa maksatnamanyň üstünligini berkitmek bilen birlikde, Aýda durnukly bazanyň gurluşygyna badalga berer.


şu gün 00:18
491

«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny gurmagy meýilleşdirýär

«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny (AES) döretmegi meýilleşdirýär. Bu wezipe Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň kosmos işi ulgamyndaky döwlet syýasatynyň esaslary baradaky......

düýn 20:31
2.5k+

Rekord derejeli magnit tupany Ýeriň öz goragyny nädip gowşadýandygyna düşünmäge kömek etdi

2024-nji ýylyň maýynda planeta inen we soňky ýigrimi ýylda iň güýçlüsi bolan magnit tupany ýaponiýaly fiziklere möhüm açyş etmäge kömek etdi. Alymlar geomagnit tolgunmalary wagtynda Ýeriň tebigy magnit......

27.06.2026 10:53
2k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

26.06.2026 15:40
2.1k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....