Türkmenistanyň Prezidenti Astanada Aral meselesi boýunça geçirilen mejlise gatnaşdy

  • 23.04.2026 10:45
  • 4.2k+

22-nji aprelde Astanada geçirilen Sebitleýin ekologiýa sammitinden soň, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Araly halas etmegiň halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Döwlet Baştutany mejlisdäki çykyşynda dünýädäki çylşyrymly geosyýasy ýagdaýlara garamazdan, Aral meselesi we sebitiň ekologiýa howpsuzlygy ýaly möhüm wezipeleriň ünsden düşürilmeli däldigini nygtady.

Türkmenistanyň Aral deňzi boýunça halkara derejesinde alyp barýan işjeň tagallalaryna üns çekilip, ýurduň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň «BMG bilen AHHG-niň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnamalarynyň kabul edilendigi we Aral deňziniň basseýniniň ýurtlary üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny (UN SPAS) döretmek boýunça anyk ädimleriň ädilendigi bellenildi. Prezident Serdar Berdimuhamedow Aral meselelerine çölleşme, buzluklaryň eremegi we serhetüsti suw serişdelerini dolandyrmak ýaly ekologiýa wehimleri bilen bitewülikde garamagyň zerurdygyny nygtady.

Döwlet Baştutany AHHG-niň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmagy, Aral deňziniň sebitiniň meselelerini çözmek bilen bagly taslamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmekde halkara maliýe institutlary hem-de donorlar bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmegi, häzirki geosyýasy we ykdysady ýagdaýlary göz öňünde tutup, BMG bilen AHHG-niň hyzmatdaşlygy baradaky Baş Assambleýanyň täze Kararnamasyny bilelikde işlemegi teklip etdi.

Mejlisiň ahyrynda döwlet Baştutany Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewi Araly halas etmegiň halkara gaznasynda başlyklyk etmäge girişmegi bilen gutlap, bu ugurda alyp barjak işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Gazagystan Respublikasyna iş saparynyň maksatnamasyny tamamlandan soň, Prezident Serdar Berdimuhamedow Astana şäheriniň Nursultan Nazarbaýew adyndaky halkara howa menziline baryp, bu ýerden Aşgabada ugrady.


düýn 20:55
1.7k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......