Volkswagen ID. Unyx: nemes tehnologiýasy we hytaý dizaýny

  • 27.04.2026 11:35
  • 2.1k+

Volkswagen kompaniýasy Hytaýyň Xpeng kompaniýasy bilen tehniki hyzmatdaşlykda döredilen ilkinji seriýaly ulagy — D. Unyx krossowerini satuwa çykardy. Hytaýly müşderileriň islegi esasynda dizaýnlaşdyrylan bu model üç görnüşli toplumda hödürlenýär.

Bahasy 229,9–289,9 müň ýuan (takmynan 31 700 – 40 000 dollar) bolan krossoweriň uzynlygy 5000 mm, teker bazasy bolsa 3030 mm-dir.

Ulagyň daşky görnüşi altyn reňkli bezeg zolaklary we 400 sany dolandyrylýan ýagtylyk diodyndan (LED) ybarat öňdebaryjy optika bilen tapawutlanýar. Içki bezegde bolsa 10 dýuýmlyk çyzykly panel we iki goşmaça ekran, şeýle-de 12 elektrosazlamaly, gyzdyryjy, wentilýasiýa we pnewmomassaž funksiýaly oňaýly oturgyçlar bar.

Ulag 800 woltly arhitektor esasynda gurlup, öndürijiligi boýunça iki görnüşde hödürlenýär:

  • Yzky çekiji: 308 at güýji.
  • Doly çekiji: 496 at güýji (100 km/sag tizlige bary-ýogy 4,9 sekuntda ýetýär).

Batareýanyň görnüşine baglylykda, «CLTC» sikli boýunça bir gezek zarýad bilen 630–730 km aralygy geçip bilýär.

Ulag 11 kamera we 15 radarly işleýän şäher awtopiloty (awtonom sürüjilik ulgamy) bilen üpjün edilendir.


düýn 09:56
2.1k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.7k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....