Ýene bir netije: günde 2-3 bulgur kofe içmek depressiýa howpuny azaldýar

  • 25.04.2026 12:49
  • 4.8k+

Şanhaýdaky Fudan uniwersitetiniň alymlary tarapyndan geçirilen täze barlag kofe içmegiň psihiki saglyga gowy täsir edýändigini we depressiýanyň öňüni alyp biljekdigini tassyklady.

13 ýylyň dowamynda «UK Biobank» maglumatlar binýady arkaly 460 müňden gowrak adamyň saglyk ýagdaýyny derňän alymlar, kofeniň «altyn aralyk» düzgünine laýyk gelýändigini ýüze çykardylar.

Barlagyň netijeleri Journal of Affective Disorders žurnalynda çap edilip, onda günde iki-üç bulgur kofe içýän adamlarda depressiýa we stres derejesiniň iň pes derejededigi anyklandy. Şol bir wagtyň özünde, barlagda göni bolmadyk baglanyşyk hem ýüze çykdy. Oňa görä, kofeni gaty az ýa-da gaty köp (günde bäş we ondan köp bulgur) içýän adamlarda bu peýdaly täsir duýulmaýar, hatda köp içmek tersine, psihiki bozulmalaryň töwekgelçiligini-de ýokarlandyryp bilýär.

Alymlar munuň sebäbini kofeniň düzümindäki 1000-den gowrak işjeň madda, şol sanda polifenollar we hlorogen turşusy bilen düşündirýärler. Bu maddalar bedende çişmä garşy täsir edýär. Kofein bolsa beýni öýjüklerini stresden goraýjy täsire eýe bolup, beýnidäki belli bir reseptorlary işjeňleşdirip, depressiýa garşy göreşmäge kömek edýär.

Barlagda kofeniň görnüşiniň (üwelen, ergin ýa-da kofesiz) we organizmiň kofeini özleşdiriş tizliginiň bu netijelere düýpli täsir etmeýändigi anyklandy. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň maglumatlaryna görä, dünýäde bir milliarddan gowrak adam psihiki bozulmalar bilen ýaşaýar. Şol sebäpli alymlar kofeniň bu peýdaly häsiýetiniň, iýmitlenmäniň we kadaly durmuş ýörelgesiniň ruhy saglygy goramakda we bejeriş maksatnamalarynda täsirli tejribe bolup biljekdigini belleýärler.


11.06.2026 14:01
7.7k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 11:13
8.9k+

Ortaýer deňzinde ak akulany ilkinji gezek suwuň astynda surata düşürmek başartdy

Ortaýer deňzinden taşlanyp gidilen we ýitirilen balyk torlaryny çykarmak boýunça geçirilen operasiýa gatnaşan suwasty ýüzüjiler ilkinji gezek uly ýaşly ak akulanyň öz tebigy gurşawynda suwasty kadrlaryny......

07.06.2026 17:05
9.2k+

Gradusyň ähmiýeti bar: tomusda awtoulagyň kondisionerinde nähili howp gizlenýär

Tomusda, uzak wagtlap yssyda bolnandan soň, awtoulagyň salonynyň birden sowadylmagy sürüjiniň we ýolagçylaryň saglygyna ýaramaz täsir edip biler. Hünärmenler gyzgyn awtoulaga girenden soň, kondisioneri derrew......

06.06.2026 07:56
2.3k+

«Metallica» rok topary Gyzyl Haç jemgyýetine 10 müňe golaý donor toplap berdi

«Metallica» toparynyň Germaniýada geçiren konsertleriniň dowamynda «Nemes Gyzyl Haç» jemgyýeti bilen bilelikde guralan gan tabşyrmak çäresine 10 müňe golaý adam gatnaşdy....